1519149338 THE ASHGABAT TIMES

Azyk senagaty pudagynda ýetilen menziller

02.12.2024

Azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Arheologik maglumatlaryň tassyklamagyna görä, türkmen halky ekerançylygyň ilkinji medeniýetini esaslandyrypdyr. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň hem-de bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň köpasyrlyk tejribesini toplapdyr. Çörege ähli döwürlerde-de maddy gymmatlyk hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi türkmen topragynyň sahawatyny, saçaklarymyzyň berekedini, halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň gülläp ösüşini alamatlandyrýar.

Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny hem-de beýleki pudaklary okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, halkymyzyň amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Maýa  MÄTIÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
turkmeno tureckij delovoj sovet v ashhabade THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda türk harytlarynyň giň gerimli sergisi geçiriler

6587413a4ac0ce0dd0af1cac6ca6bff95b93f84f THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Google we Apple-yň “atçylyk” komissiýalaryndan gaça durmak üçin Roblox web sahypasynda arzanladyşlary teklip etdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop