image9 THE ASHGABAT TIMES

Bilim ulgamynda-sanly tehnologiýalaryñ ähmiýeti

09.12.2024

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak döwrüň esasy talaplaryndan biri bolup durýar. Sanlylaşdyrma senagatda, ykdysadyýetde, bilimde we durmuşymyzyň beýleki ugurlarynda amala aşyrylyp, ol sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagydyr. Bu hadysa, dünýäniň köp ýurtlarynda maglumat tehnologiýalarynyň, mikroelektronikanyň we maglumat aragatnaşyklaryň çalt ösmegi bilen ýüze çykýar. Bilimi sanlylaşdyrmak, onuň elektron ulgamyna geçiş ýagdaýynyň kesgitlenmesidir.

 Häzirki wagtda giňden ulanylýan “Sanly bilim”, “sanly ulgam”, “sanly tehnologiýa” ýaly düşünjeleriň manysyna çuňňur düşünmek, adamyň  aňynda ýiti bilesigelijiligi ýüze çykarýar. Sanly ulgamyň ösüşi barada aýtsak,  eýýäm ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly, sanly ulgam bilen baglanyşykly täze hünärleriň açylmagy, sanly tehnologiýalaryndan baş çykarýan täze nesilleriň kemala gelmegine ýardam berýär. Biziñ ýokary okuw mekdebimizde hem Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti, Maglumat tehnologiýalary, Sanly elektronika we elektrotehnika  ýaly sanly ulgam bilen baglanşykly kafedralaryñ bolmagy, talyp ýaşlaryñ sanly programmalary, kompýuter programmirlemesini, grafiki usullary öwrenmek we ulanmak ukyby artyrýar.

Bilim ulgamyndaky sanly tehnologiýalar, oňa esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny guramagyň usulydyr. Dünýäde tehnologiýalar bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän özgertmeler, iş usullarynyň üýtgemegine şeýle hem,  bilim almagyň maksatlarynyň  we tejribeleriniň üýtgemegine getirýär. Sanly bilimde öwrenmegiň täze usuly webinarlardyr. Oňa  esasan iki tarap gatnaşýar. Oňa internediň üsti bilen geçirilýän onlaýn okuw sapagy ýa-da duşuşygy hem diýilýär.  Onda alyp baryjy diňleýjilere maglumatlaryň düşünikli bolmagy üçin  prezentasiýasy bilen çykyş edýär. Olaryň ulanyjylara berýän esasy wezipeleri: slaýd prezentasiýalary; göni wideo aragatnaşygy; nauşnik we mikrofon ulanyp hakyky wagtda ses aragatnaşygy; soň görmek we diňlemek üçin ýazgy; sorag-jogap sessiýalary üçin tekst söhbetdeşligi üpjün edýär. Häzirki wagtda uzak aralykdan netijeli gurnalýan onlaýn okuw sapaklary özara tejribe paýlaşmaga we pikir alyşmaga ýardam berýär.

Emeli aň “akyl bilen baglanyşykly” meseleleri çözmek üçin ulanylýan tehnologiýa bolup, onuň ähli ösüşleri şekili tanamak üçin programmalary, awtomatiki maşyn sürmek we terjime ulgamlaryny döretmäge gönükdirilendir. Umuman sanly bilime geçiş, internet tehnologiýalaryny döretmekde möhüm tapgyrdyr. Häzirki wagtda ylym-bilim ýokary tizlikde ösýär, her gün täze sanly gurluşlar peýda bolýar. Bilimiň sanlaşdyrylmagy ýaş nesilleriň geljekde maglumat dünýäsine has gowy aralaşmagyna kömek eder.  

Eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş alyp barýan, biz talyp ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim-ylym ulgamynda gazananlaryny öwrenmäge, olary durmuşa geçirmäge, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaga   döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maksat KERIMBAÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:56 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
gettyimages 1224535313 custom cdb7dd5d33777da720dcf6a028f7e2418c635e74 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

USAID we BSGG Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýärler

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mugallymçylyk ussatlygy ösdürmegiň  esasy ýollary we  şertleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop