12-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolup geçdi, oňa Türkmenistanyň bu guramanyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralaryndaky hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew gatnaşdy. Çäräniň netijeleri boýunça taraplar birnäçe resminama, şol sanda 2025–2026-njy ýyllar üçin GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyna gol çekdiler.
Resminama bilim, ylym, medeniýet, maglumat we köpçülikleýin aragatnaşyk, kitap neşir etmek, kitap ýaýratmak we poligrafiýa, sport we sagdyn durmuş, syýahatçylyk, ýaşlar bilen işlemek ýaly ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak we ösdürmek üçin niýetlenendir.
Çäreleriň mowzugy, Arkalaşygyň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan 2025-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň 80 ýyllygy – faşizme garşy göreşde Parahatçylyk we Bitewilik ýyly we 2026-njy ýylyň Saglygy goraýyş ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky karara laýyklykda işlenip düzüldi.