Dark
Light
25.01.2026
efwefefa scaled THE ASHGABAT TIMES

FAO-nyň “Bitewi Saglyk” boýunça sebit taslamasynyň çäklerinde FAO hünärmenleriniň missiýasynyň netijeleri boýunça maslahat.

17.12.2024

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda FAO hünärmenleriniň missiýasynyň netijeleri boýunça iş maslahaty geçirildi. FAO-ATLASS ulanyp, milli weterinar laboratoriýalarynyň mümkinçilikleriniň we antimikrob serişdelerine durnuklylyk gözegçilik ulgamynyň bahalandyrylmagy boýunça FAO-nyň sebit taslamasynyň çäklerinde “Bitewi Saglyk” – azyk ulgamlarynyň goragy, geljek pandemiýalaryň öňüni alyş. Taslama Pandemiýa Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Iş maslahatyna Oba hojalyk ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi, Daşky gurşawy goramak ministrligi we ýurduň beýleki gyzyklanýan edaralarynyň wekilleri, şol sanda FAO we BSGG wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň moderatory hökmünde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinar gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol missiýanyň esasy roluny we onuň üstünlikli tamamlanandygyny belledi.

Halkara hünärmenler hökmünde FAO hünärmenleri Durýa Çaryphan we Dsani Ester çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde jemleýji prezentasiýalar we FAO hünärmenleriniň missiýanyň netijeleri boýunça maslahatlary diňlenildi.

Maslahatyň çäklerinde azyk ulgamlarynyň goragy we geljek pandemiýalaryň öňüni alyş boýunça esasy ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. “Bitewi Saglyk” çemeleşmesi adamlaryň, haýwanlaryň we daşky gurşawyň saglygynyň özara baglanyşygyny nygtaýar. Gatnaşyjylar häzirki kynçylyklary netijeli çözmek üçin pudagara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly netijelere ýetmek üçin dürli pudaklaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy we toplumlaýyn çemeleşmeleriň işlenip düzülmegi boýunça ileri tutulýan ädimler kesgitlenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

kosmos art planety 1637181 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Älemiň syrlaryny açmak

8549cdbcf646956d4aba9f6419eb3640 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Içki lukmançylykda öňegidişlikler: Hroniki keselleriň dolandyrylyşyny özgertmek

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop