Dark
Light
24.01.2026
Rl9Z4scHXI THE ASHGABAT TIMES

MUNY BILMEK GYZYKLY

23.01.2024

Fizikanyň matematika bilen berk baglanyşygy bardyr. Matematika fizikanyň intellektual ýaragydyr. Akademik L.D.Fadeýew «Meniň pikirimçe, fizika matematikany näçe köp ulandygyça, ol has-da fundamental bolýar» diýip belleýär. Şeýlelikde, diňe matematika tebigatyň kanunlarynyň takyk ylmy aňlatmasyny berýär. Fizikanyň köp üstünlikleri matematikanyň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem tersine, ýagny fiziki soraglaryň goýluşy matematikanyň ösmegine getirdi. Meselem, mehanikanyň üstünlikli ösmegi Isaak Nýutona onuň matematiki guraly hökmünde differensial we integral hasaplamalary işläp taýýarlamaklyga (döretmeklige) getirdi. Başga tarapdan, abstrakt matematiki ders bolan matrisalar nazaryýeti Werner Geýzenberge kwant mehanikasynyň bir görnüşini döretmäge mümkinçilik berdi. Matematiki diliň bu ulanyş prosesi häzirki günde hem öz derwaýyslygyny saklaýar. Ähtimal we haotik prosesleriň we hadysalaryň häzirki zaman fizikasy birwagtyň özünde hem fiziki, hem matematiki dersdir; onuň iki şahasy hem biri-birini baýlaşdyryp, üstünlikli ösýärler.

Fizikanyň tehnika bilen baglanyşygyny giňişleýin derňemekligiň zerurlygy ýok. Sebäbi, tehnika bu amaly fizikadyr. Dürli wagtlarda fizika bilen tehnikanyň özara gatnaşygy dürli-dürli boldy. Şeýle bolsa hem, bu ugurlar bir-birleri bilen berk baglanyşyklydyrlar we biri-birlerini baýlaşdyrýarlar. Soňky ýyllarda fizikada edilen açyşlaryň köpüsi tehniki ösüşiň gazanan ylmy abzallarynyň we desgalarynyň kömegi bilen edilendigini bellemek gerek.

Dürnabat KULAÝEWA
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine
ýörüteleşdirilen 134-nji orta
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

SgR87FCShK THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

WI-FI TEHNOLOGIÝASYNYŇ HOWPSUZLYGY

uMaQcayw8l THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AUDIT BARADA DÜŞÜNJE WE ONUŇ TARYHY

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop