Google, blogynda, Apple we beýleki smartfon öndürijileri bilen baglaşylan ähli şertnamalary saklamagy teklip etdi, bu şertnamalarda kompaniýanyň gözleg ulgamy mobil brauzerlerde eksklýuziw we hökmanydy. Indi bolsa kompaniýa gözleg ulgamyny öňünden gurulan ýagdaýda galdyrmagy, ýöne ony eksklýuziw däl etmegi teklip edýär.
Google-yň beýanatyna görä, ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň Chrome-y satmak baradaky pozisiýasy ulanyjylara zyýan ýetirip biler. Kompaniýanyň pikiriçe, onuň teklibi has maksadalaýyk.