Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda Germaniýanyň baştutany Frank-Walter Ştaýnmaýere Magdeburg şäherindäki Täze ýyl ýarmarkasynda bolan pajygaly waka sebäpli gynanç hatyny iberdi. Bu waka adam pidalaryna we şikeslere sebäp boldy.
Döwlet baştutany halkyň, hökümetiň we öz adyndan ýogalanlaryň hossarlaryna we ýakynlaryna ýürekden duýgudaşlyk we goldaw sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz sagalmak arzuwlaryny beýan etdi.
Ýatladyp geçsek, 21-nji dekabr agşamy Magdeburg şäherindäki Roždestwo bazarynda adamlar hüjüme sezewar bolup, bäş adam ýogaldy, 200-den gowrak adam ýaralandy.