Türkmenistanyň wekiliýeti ýokary bilimi özgertmek boýunça Erasmus+ milli hünärmenler toparynyň Daşkentde geçirilen halkara konferensiýasyna gatnaşdy.
Konferensiýanyň çykyşçylary ylmy neşir işini ösdürmek, öňdebaryjy ylmy çeşmelere elýeterlilik we uniwersitetleri dünýä reýtinglerinde öňe sürmek strategiýalary ýaly mowzuklara degip geçdiler.
Türkmen wekilleri forumyň gatnaşyjylaryny ýurtda ýokary bilimiň özgertmeleri, dürli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak we okuw proseslerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen tanyşdyrdylar. Respublikanň wekilleri sebit hyzmatdaşlygy we bilelikdäki bilim taslamalary boýunça panel diskussiýalaryna hem goşuldylar.