Asly behiştden reňk alan bedew

25.12.2024

Atlaryň ykbalynda reňkleriň aýratyn orny bardyr. Reňkler diňe bir atlaryň häsiýetine täsir etmän, eýsem olary biri-birinden tapawutlandyrýan esasy alamatlaryň-da biridir. Şeýle-de olar beýleki hususy alamatlary, käbir nyşanlary we dakylan lakamlary bilen tapawutlanýarlar. Ahalteke atlarynda dünýäde ösdürilip ýetişdirilýän we saklanylýan 250-den gowrak at tohumlarynyň arasynda gabat gelmeýän reňkler hem duşýar. Şonuň üçinem ahalteke atlary özüniň aýratyn owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Olar daşary ýurtlarda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine gatnaşanlarynda, ýeňiş bilen Watanymyza dolanýarlar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bu bäsleşigi her ýyl Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlap öz ýurdumyzda geçirmeklik hem asylly däbe öwrüldi. Bedew baýramy mynasybetli geçirilýän bu bäsleşige birnäçe atlar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşip, döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolýarlar.

Atyň reňki onuň şahadatnamasynda, resmi tohumçylyk ýazgylarynda aýratyn bellenilýär. Reňkiň nesle geçýändigi üçin, ol atlaryň gelip çykyşyny we tohumyny anykla-makda hem belli bir derejede maglumat hökmünde ulanylýar. Atlaryň reňki doglan-da, süýtden aýrylmagynyň öň ýanynda, topardan-topara geçirilende we seçgilenende, tohumçylyk şahadatnamasy berlende hökman görkezilýär.

Keý-Kowus «Kowusnama» kitabynda atlaryň reňkini «Bir atda bolup, beýlekisin-de duşmaýan sypat onuň reňkidir» diýip belleýär. Atyň reňki onuň göwresini örtýän örtük tüýleriniň we gorag (ýaly, saçy, käkili, guýrugy) tüýleriniň reňkleri boýunça kesgitlenilýär. Her bir atyň şejere arkasynda dürli reňkler bolup, olaryň köpüsi nesilde ýüze çykmaýar we köplenç ýagdaýlarda atlaryň enesiniň ýa-da atasynyň reňki agdyklyk etmek bilen nesle geçýär. Diňe al we gyr reňkler nesle geçende beýleki reňkleri basýar. Mysal üçin, eger atyň enesi ýa-da atasy gyr, al bolsa, onuň taýlary hem gyr ýa-da al bolýar.

Mele, akýal, dor, gara reňkler özboluşly altynsöw, kümüşsöw öwüşginleri bilen ahal-teke tohum atlaryna mahsus bolsa, arap we ýomut atlarynda gyr, iňlis, don atlarynda al reňkde uludan sakar hem-de sekil nyşanlary köp duş gelýär. Nyşanlar atyň kellesinde, aýaklarynda we seýregräk göwresinde her hili şekilde we dürli ululykda duşýar. Bular dogabitdi bolýar. Nyşanlar birmeňzeş reňkdäki atlary biri-birinden tapawutlandyrmaga ýardam edýär. Ýomut tohum atlarynda nyşanlar seýrek duş gelýär, ahalteke tohum atlarynda nyşanlar bolmasa ýa-da näçe kiçi we az bolsa gowudyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Tohum atlaryň gadymy görnüşlerini gorap saklamak, gözelligini kämilleşdirmek, «asman bedewleriniň» dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek häzirki döwürde biziň atçylygy ösdürmekde öňümizde durýan esasy wezipelerdir» diýýär. Türkmen atşynaslary bu parasatly jümleleri elmydama özlerine ýol-ýörelge edinip, geljekde behişdi bedewlerimiziň şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýmakda has-da netijeli işleri alyp barmalydyrlar.

Ogulnabat NURÝAGDYÝEWA
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň

weterinariýa bölüminiň wirusologiýa
bölümçesiniň laboranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:01 pm, Dec 27, 2024
temperature icon -1°C
плотный туман
Humidity 100 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:21 am
Sunset Sunset: 5:53 pm
Öňki taryh

iPhone 18 Doly Çarçuwasyz Bolup Bilýärdi

Next Story

Çagalarda gidrosefaliýa keseli

Soňkylar Makalalar

Türkmeniň Milli buýsanjy

26.12.2024
Türkmen ahalteke atlary, dünýäniň iň gadymy we seýrek duş gelýän tohumlarynyň biri bolup, Türkmenistanda milli buýsanç hökmünde kabul edilýär. Bu ajaýyp bedewler özleriniň tizligi,

Häzirki zaman jemgyýetinde bilimiň ähmiýeti

26.12.2024
Bilim häzirki zaman jemgyýetiniň esasy daýanjy bolup, şahsyýetleriň we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm orun tutýar. Ol şahsy ösüş, ykdysady ösüş we jemgyýetçilik ösüşi üçin zerur

Taryhy ýoldaş

26.12.2024
Atlar müňlerçe ýyllap adamlaryň ýoldaşy bolup, ulag, oba hojalygy we hatda uruşda möhüm orny eýeläpdirler. Bu ajaýyp jandarlar eldekleşdirilen haýwanlara degişlidir we güýçleri, tizligi

Çagalarda serebral ysmaz keseli

26.12.2024
Serebral ysmaz çaganyň hereket etmegini we deňagramlylygyny saklamagyny kynlaşdyrýan keseller toparydyr. Bu kesel her 1,000 doglan çaganyň 2-3-sinde ýüze çykýar. Serebral ysmaz, adaty däl

Türkmenistanyň Oba Hojalygyn ösdürmek

26.12.2024
Türkmenistanda oba hojalygy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Oba hojalyk pudagy ilatyň azyk üpjünçiligini, iş orunlaryny we eksport mümkinçiliklerini üpjün edýär. Türkmenistanyň Oba
GitTop