Organizme düşenden soň, olar gan akymy arkaly dürli organlara, şol sanda beýnä hem düşüp bilerler. Alymlar iň kiçi plastik bölejikler bolan nanoplastigi beýniniň çişmegi we beýleki saglyk meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne birneme uly mikroplastigiň täsiri az öwrenildi.
Bu gözlegde alymlar dürli ululykdaky mikroplastigi ýaş erkek syçanlara girizip, onuň täsirini yzarladylar. Olar immun öýjükleriniň mikroplastigi siňdirip, onuň formasyny üýtgedip, beýniniň ownuk gan damarlarynyň dykylmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar. 30 minutyň dowamynda syçanyň beýnisiniň käbir ýerlerinde gan akymy kynlaşdy.
Mikroplastigiň täsirinden soň, syçanlarda ýatkeşligiň, hereket ukyplarynyň we çydamlylygyň peselmegi hem synlandy. Käbir meseleler dört hepdeden soň gowulaşan hem bolsa, gan damarlarynyň dykylmagy dowam etdi.
Habar häsiýetli materiallar lukmanyň maslahatyna deňeşdirilip bilinmez. Karar kabul etmezden ozal hünärmen bilen maslahatlaşyň.