ylym bilim THE ASHGABAT TIMES

Ylym – bilimde sanly tehnologiýalaryň orny

28.01.2025

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidr.

Häzirki zaman dünýäsinde ylmyň ösüşiň binýady, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýdyň hakykatdyr. Öňdebaryjy ylmy-tehniki çözgütleriň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň möhüm meseleleriň netijeli çözülmeginiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesiniň berilmegi munuň aýdyň güwäsidr.

Dünýä ylmynyň çalt depginler bilen ösmegi birnäçe täze ugurlaryň ýüze çykmagyna şert döretdi. Bu bolsa, öz gezeginde, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini ep-esli derejede giňeltmäge mümkinçilik berýär. 

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde gurlan täze Arkadag şäheri bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslama türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda durmuşa geçirildi. Binagärlik we tehnologik çözgütleri boýunça deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheri döretmek başlangyjy Watanymyzyň geljeginiň ýokary depginde ösen döwlet hökmünde görülýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ylym milli we umumadamzat bähbitli belent maksatlarymyzy durmuşa geçirmegiň ýolunda berk binýat hökmünde hyzmat edýär. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak ýurdumyzyň häzirki zaman ylym ulgamynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şunda islendik ylmy işläp taýýarlama näçe çalt önümçilige ornaşdyrylsa, onuň gymmatynyň hem şol derejede ýokary bolýandygy nukdaýnazaryndan garamak möhümdir.

Ýazberdi AKYMMAÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2353263266 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Buharada döwlet tehniki uniwersiteti açylar

8969b9a1a1562eb55daa98f030e7afc64bf81d7b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Täze AMD grafiki kartlary eýýäm yglan edilen RTX 5090-den gowşak bolar.

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop