Halkara reýting agentligi Fitch Ratings Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna IFS (Ätiýaçlandyryjynyň Maliýe Durnuklylygy) we IDR (Emitentiň Uzak möhletleýin defolty) boýunça “B durnukly” reýtingini berdi. Bu barada degişli guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu reýting guramanyň daşary ykdysady işjeňliginiň mundan beýläk-de işjeňleşmegine we beýleki döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam eder.
Fitch Ratings, dünýäniň karz bazarlaryna garaşsyz we geljege gönükdirilen karz berijilik ukybyny, analitiki gözlegleri we maglumatlary üpjün etmäge ýöriteleşen Amerikan korporasiýasydyr.