THE ASHGABAT TIMES

Ýyllar gelsin ýyllarymyzdan zyýada

06.02.2025

Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi.

 Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”diýip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da bagtyýar türkmen yaşlaryny 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygar astynda beýik işlere, belent ruha beslenen bereketli 2024-nji ýylymyzy hem tamamladyk. Täze 2025-nji ýylymyz ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin abadançylygyň, üstünlikleriň, ähli ugurlarda uly rowaçlyklaryň ýyly bolsun!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde özgerýän eziz Diýarymyza ýyllarymyz ýyl yzyndan utgaşyp zyýada bolup gelsin!

Seýýara SAPAROWA
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
Зелёная дипломатия
Öňki taryh

Azerbaýjanyň ýaşyl diplomatiýasy

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli mirasy aýawly saklamak 

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop