Gözelligiň we nepisligiň ykrar edilen nusgasy bolan türkmen halysy halkymyzyň gymmatly baýlygy hem buýsanjy, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasyz goşandydyr. Haly diňe bir türkmeniň gadymdan gelýän däpleriniň kämil derejede ýüze çykmasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň ýaşaýyş baradaky filosofiýasynyň çeperçilik taýdan “janlanmasydyr” hem.
Ýeri gelende ýatlasak, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan, nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat beripdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.
Halkymyzyň ruhy mirasyny aýawly saklamakda uly ähmiýeti bolan muzeýler ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine-de goşant goşýar. Döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edilen Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Kerki, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Gökdepe galasy ýaly gadymy şäherler açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Şunda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işler hem alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi.
Diýarymyzyň çäginde diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli taryhy-medeni gymmatlyklaryň köp sanlysy bar. Bahasyna ýetip bolmajak bu mirasy, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek boýunça möhüm meseleleri çözmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň muzeýleri däbe öwrülen milli gymmatlyklaryň aýawly saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara medeni alyşmalar üçinem ajaýyp meýdançadyr.
Döwlet Baştutanymyzyň milli däpleri gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge berýän ägirt uly ünsi jemgyýetiň ösüş maksatlaryna ýetmekde medeniýet ulgamyna täze taslamalary çekmäge, milli miras babatdaky gatnaşyklary giňden ösdürmäge ýardam edýär.
Çary MÜLKIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy