sanly THE ASHGABAT TIMES

Ösüşlere beslenýän ykdysady özgertmeler

06.02.2025

Ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň görkezijisidir.

Iri özgertmeleriň döredijilik nyşany bolan Aşgabat dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriniň biri, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilendir. Ajaýyp ýadygärlikleri we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen hemmeleri haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Her ýyl ýurdumyzyň baş şäheriniň üsti açylyp ulanmaga berilýän binalar bilen ýetirilýär. Bu desgalar okgunly ösýän döwletimiziň häzirki döwrüniň ajaýyp nyşanlaryna öwrülýär. Geçen ýylda hem şeýle desgalaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

Gysga wagtyň içinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen köp gatly desgalaryň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän toplum bu künjegi tanalmaz derejede özgertdi. Ilaty döwrebap we amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Ýerli gurluşykçylaryň — döwlet we hususy kärhanalaryň täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaklary olaryň daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýändiklerini görkezýär. Olar şeýle işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de üstünlikli amal edýärler. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Täze şähere halkara baýraklaryň we güwänamalaryň gowşurylmagy hem gazanylan üstünlikleriň güwäsidir. Ilatyň bagtyýarlygy we abadan durmuşy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar.

Rozagül ÝAGŞYMYRADOWA
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň
Söwda- Kooperatiw mekdebiniň
Söwdanyň tehnologiýasynyň 2-nji derejeli mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli mirasy aýawly saklamak 

ashgabatmarket THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Azerbaýjan önümleriniň onlaýn satuwy başlandy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop