uost5chdg4hg5xp0g79r7nkcjq2mmifsgw5cyqo9tz49pgxkycp0bo4sgenf e1643396094751 THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawy goramak babatda lukmançylyk galyndylaryň howpsuz işlenilmegi

11.02.2025

Häzirki wagtda adam saglygyna we daşky gurşawa dünýä boýunça uly howp döredýän meseleleriň biri-barha artýan galyndylaryň mukdarydyr. Galyndylar we olaryň gömülip galýan ýerleri, we ýa-da açyk otda ýakylyp ýok edilmegi daşky gurşawyň ýagdaýyna dürli ýaramaz täsirlerini ýetirip, atmosfera howasyna we ýerasty suwlaryň hapalanmagyna, şeýle hem ösümlik we haýwanat dünýäsiniň we beýleki daşky gurşaw desgasynyň kem-kemden ýaramazlaşmagyna getirip bilýär. Biziň ýurdymyzda ekologiýa we saglygy goraýyş ulgamlarynda esasy düzgünleri we kadalary düzgünleşdirýän möhüm kanunçylyk binýady guruldy: “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Howa kodeksi”, “Tebigy baýlyklary goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Türkmenistanyň sanitariýa kodeksi”, “Türkmenistanyň galyndylar hakynda”, «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmek syýasaty ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Türkmenistanda häzirki zaman şertlerinde galyndylaryň möçberiniň ýokary depginlerde artmagy ýurduň sosial-ykdysady ösüşiň ýokary tizliklerinde, senagat we oba hojalyk önümçiliginiň möçberi artmagynda, giň gerimli gurluşyk işlerinde we çig mal serişdeleriniň ýokary derejede sarp edilmeginde öz beýanyny tapýar. Galyndylaryň şeýle tiz depginlerde artmagy ekologiýa howpsuzlygyna we ilatyň saglygyna uly tehlike döredýär. Şeýle köp möçberde emele gelmegi olary ýerleşdirmekde kynçylyklara getirýär we poligonlar üçin ýerleriň yzygiderli goşmaça aýrylmagyny talap edýär.


Şunuň bilen baglylykda, galyndylaryň dolandyrylmagy meselesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar we Türkmenistan üçin ilatyň saglygyny, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatynda döwlet syýasatynyň iň möhüm wezipeleriniň biri bolmalydyr.


Lukmançylyk galyndylary uly howp döredýän, keselleri çalt ýaýratýan adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa zyýan ýetirýän hakykatdan uly mesele hasaplanylýar. Radiasiýadan soň, lukmançylyk galyndylary bütindünýäde ikinji ýerde durýan iň howply galyndylar hasaplanylýar, sebäbi ol ýiti uçlygalyndylar, gan, himiki maddalar, derman serişdeleri we beýleki saglyk serişdeleri ýaly dürli görnüşdäki howply we howpsyz bolmadyk galyndylary öz içine alýar. Lukmançylyk galyndylary bilen nädogry işleniş daşky gurşawa, şol sanda ýabany tebigata we suwuň hiline zyýan ýetirýär we keselleriň ýaýramagynyň howpuny artdyrýar. Biziň ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnama laýyklykda, lukmançylyk galyndylar bilen baglanyşykly birnäçe strategik meýilnamalar we kararnamalar kabul edilip, durmuşa geçirilýär, şeýle hem “Saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk galyndylaryny howpsyz dolandyrmak boýunça Milli maksatnama” lukmançylyk galyndylaryň adamlara we daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin kabul edildi. Bu maksatnamalara laýyklykda, lukmançylyk galyndylar bilen howpsuz işlemegiň usullary baradaky ýol görkezmeler halkara tejribesine laýyklykda işlenip düzüldi we netijede, saglyk edaralar tarapyndan ulanylýar.


Käbir ýagdaýlarda lukmançylyk galyndylar açyk otda ýakylmagy netijesinde howa dioksin, furan ýaly zäherli maddalar bilen bulaşýar. Saglygy goraýjy we ekologiýa taýdan arassa lukmançylyk galyndylary ýok etmek boýunça görülýän çäreler netijesinde adam saglygyna we daşky gurşawa ýetirip biljek täsirini öňüni almak, şeýle hem himiki we biologiki maddalaryň atmosfera howasyna tötänden zyňylmasynyň möçberini azaltmak, şeýlelikde hassalaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň hem-de umumy ilatyň saglygyny goramak mümkin bolýar.


Lukmançylyk galyndylar degişli durnukly dolandyryş usullarynyň üpjün edilmegi häzirki wagtda wajyp wezipä öwrüldi. Ilatyň ýyl-ýyl artmagy, şäherleşme we senagatlaşdyrma ösüşiň çalt depginlerde barmagy bilen baglanyşyklylykda, lukmançylyk galyndylaryň durnukly dolandyryş usullarynyň ulanylmagy aýratyn möhüm talap bolup durýar. Soňky on ýyllyklarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köp sanda hassahanalar guruldy. Munuň netijesinde, her gün uly möçberde lukmançylyk galyndylar emele gelýär we biomedikal galyndylar howpsuz we zyýansyz işlemek durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Daşky gurşawy goramak, ekologiki taýdan arassa şertleri döretmek we döwletimiziň howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýa maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirmek ýurdumyzyň syýasy-ykdysady dolandyryşynda örän uly ähmiýete eýedir.

Selbi ŞADYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
icse board THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilimiň Üýtgeýji Güýji

896f1d THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ak altyn

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop