Dark
Light
25.01.2026
llll THE ASHGABAT TIMES

Parahatçylyk – bagtyýarlygyň açary

17.02.2025

Ösüşli menzilleriň kalplarymyza buýsanç bolup dolýan ajaýyp zamanynda döwür bilen aýakdaş gadam basmagy öz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Çünki hormatly Prezidentimiz bize – ýaşlara uly ynam bildirýär. Biziň her birimiz özümiziň okap bilim alýan ugurlarymyz boýunça halal işläp, işimize döredijilikli çemeleşmek bilen üstünlik gazanyp bolýandygyna aýdyň göz ýetirýäris.

65c383fd11a94671374638 THE ASHGABAT TIMES


Bu gün ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek bilen birlikde, olara pederlerimiziň pähim-paýhasly dürdäne ündewleri-de öwredilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň gadymdan bäri dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleriniň esasynda agzybirlik hem parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, birek-birege hemaýatdyr goldaw bermek ýaly gowy häsiýetler dur. Bular babatda edebiýatymyzda ençeme eserler, pähim-parasatly dürdäne aýtgylar döredilipdir. Nesillere milli ýol-ýörelgelerimiz dogrusynda düşünje berlende edebi çeşmelere salgylanylýar. Çünki nakyllarda-da, atalar sözlerinde-de, halk döredijiliginiň eserlerinde-de, kyssa we şygyrlarda-da watansöýüjilik, ynsanperwerlik, parahatçylygy söýüjilik ýaly aýratynlyklar milli ruhda beýan edilendir. Munuň özi, şeýle edebi mirasymyzyň terbiýeçilik babatda ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Hemra ÇARYMYRADOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

47f8dc7e5363d8d491363aa8800c6e21 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Russiýa esasy kofe üpjün edijisini üýtgetdi

i 16 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgazan Baş Keseli

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop