Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Diýarymyzyň halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini şertlendirýär. Şanly ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň Milletler Bileleşiginiň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet bermeginiň esasy bir sebäbi Bitaraplyk derejesini halkara parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynamy we hormaty berkitmekde bilelikdäki tagallalar üçin peýdalanmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Häzirki ajaýyp döwürde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözleri halkymyzyň baş şygaryna öwrüldi.
Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Mälim bolşy ýaly, şanly ýylymyzyň şygary raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesilleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatly düşünjeler bolup, häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş şertine öwrülýär. Parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, dost-doganlyk ruhy bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň we watansöýüjilik terbiýesiniň özenidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny peşgeş bermegi hem parahatçylygyň, döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry, dostlugyň wagyzçysy bolan dana Pyragynyň pähim-paýhasynyň dünýä ýaýylmagynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň täze eserinde nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlary bar. Magtymguly Pyragy mekdebinde adamzadyň bitewüligi, bölünmezligi hakyndaky düşünjäniň dörändigi, akyldaryň şygyrlarynda öňe sürýän garaýyşlarynyň ähli döwürler üçin hem ýolgörkeziji taglymat hasaplanýandygy kitapda giňden şöhlelendirilýär.
Döwletimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda, bu şanly ýylda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, halkara guramalar, düzümlerdir institutlar bilen bilelikde döredijilikli işler amala aşyrylar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçiriljek şol işler Bitarap Watanymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryny has-da dabaralandyrmaga ýardam eder.
Eziz diýarymyzda häzirki zaman şertlerinde dünýäde parahatçylygy goldaýan, birek-birege ynanyşmagy berkidýän, dostlugy dabaralandyrýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Parahatçylyk we ynanyşmak bolsa tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň we ýurtlaryň ösüşiniň kepili bolup durýar. Bu ýoly saýlap alan Türkmenistan döwletimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bezegine öwrüljek dürli derejeli çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäde abraý-mertebesi has-da belende göterilýän eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini çözmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki mynasyp ornuny has-da ýokary derejede dünýä ýaýar.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni, ynsanperwerlik ýoluny we halkara giňişliginde at-abraýyny ýokarlandyrmak babatda taýsyz tagallalar edip, bu ugurda nusgalyk işleri amala aşyrýan we giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Öwez SARYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň
öwrenji-mugallymy