AUDIT BARADA DÜŞÜNJE WE ONUŇ TARYHY

24.01.2024

Auditor («auditor» diýen söz latyn sözünden gelip çykýar we diňleýji, okuwçy, şägirt manysyny aňladýar) kärhananyň belli bir döwürdäki maliýe-hojalyk işiniň ýagdaýyny barlaýan şahsy adamdyr. Auditor resminamalary barlamaga çemeleşişi, müşderi bilen aragatnaşygy, barlag esasynda alýan netijeleri boýunça derňewçiden tapawutlanýar.

Audit ylmy boýunça belli amerikan ykdysadyýetçisi J.Robertson: «Audit – telekeçilik töwekgelçiligini peseltmäge gönükdirilen işdir» – diýip belleýär. Audit maliýe hasabatyny ulanyjylar üçin maglumat töwekgelçiliginiň ulanyp boljak derejä çenli peselmegine ýardam edýär. Audit jenaýat ýa-da raýat işiniň barlygyna ýa-da ýoklugyna  garamazdan hereket edýär. Kazyýet – buhgalterlik seljermesi bolsa jenaýat ýa-da aralykçy kazyýet iş gozgalmazdan hereket edip bilmeýär. Kazyýet – buhgalterlik seljermesi geçirilende, auditor bilermen hasapçy hökmünde çekilip bilinýär. Bilermen buhgalterlik hasaba alnyşy we gözegçilik boýunça ýokary derejeli hünärmen hökmünde barlagyň usulyny özbaşdak kesgitleýär, sebäbi ol öz netijeleriniň esaslandyrylandygyna jogapkärçilik çekýär.

Auditiň taryhy watany diýlip Angliýa hasaplanýar. Ol ýerde 1844-nji ýyldan başlap kompaniýalar barada kanunlaryň tapgyry hödürlenip, oňa laýyklykda paýdarlar kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýylda iň bolmanda bir gezek buhgalterlik hasaba alnyşyny barlamak we paýdarlaryň öňünde hasabat üçin ýörite wekil çagyrmaga borçly edilip goýulýar. Angliýada hökmany auditorlyk işi hakyndaky kanun 1862-nji ýylda çykdy. Soňra hökmany auditorlyk işi hakynda kanun beýleki ýurtlarda-da herekete girizildi. Meselem, Fransiýada 1867-nji ýylda we ABŞ-da 1937-nji ýylda başlanýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda garaşsyz audit XX asyryň  başyna çenli balansyň maglumatlaryny jikme-jik derňemegi göz öňünde tutýan iňlis nusgasy boýunça gurnaldy. Şu sebäpli R.Montgomeri bu ir döwrüň amerikan auditini «hasap yöretmek auditi» diýip atlandyrdy. ABŞ-da audit hakyndaky birinji resmi karar 1917-nji ýylda çap edildi. Ol balansyň auditine bagyşlanan. Bu karar Amerikanyň buhgalterler – bilermenler instituty (häzirki wagtda Amerikanyň diplomly aklawjy hasapçylarynyň instituty – AICPA) tarapyndan taýýarlanylypdy.

1932-nji ýylda Germaniýada Auditorlaryň instituty döredildi. 1941-nji ýyla çenli hereket etdi. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň Dýusseldorfda Auditorlaryň instituty döredildi. 1954-nji ýylda ol Germaniýanyň Auditorlar institutyna öwrüldi. Bu institut uly abraý  gazandy we Umumy  german guramasy bolup durýar.

Häzirki wagtda Auditorlaryň institutyna 6000 auditor we 700 auditorlyk gurama girýär. Meýletinlik agzalygyň esasy şerti bolup durýar, emma hünärmenlik düzgünleriniň, şol sanda ahlak kadalarynyň berk berjaý edilmegi talap edilýär.

Auditorlyk işi Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynda hem giňden ýaýbaňlanýar. Olaryň köpüsinde auditorlyk işi hakynda kanunla kabul edildi. Türkmenistanda-da auditorlyk işi hakynda kanun Kabul edildi, şeýle hem auditorlary synagdan geçirmek hem-de auditorlyk guramalara we telekeçi auditorlara ygtyýarnama bermeklik ýola goýuldy.

Häzirki wagtda dünýäde «Ernst end Young International LTD», «KPMG», «Deloitte Tohmatsu International», «Kuperz end Lybrand International», «Price Waterhouse Coopers» ýaly transmilli auditorlyk şereketleri bar.

Auditorlyk işiniň ýaýbaňlanmagy bilen auditorlyk şereketleriniň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň görnüşleri we gerimi giňeýär. Soňky çärýek asyrda audit we auditorlyk işleri üznüksiz ösýär. Onuň aşakdaky üç döwrüni tapawutlandyrmak bolýar: tassyklaýan, ulgamlaýyn-gözükdirilen we töwekgellige esaslanan.

Auditiň tassyklaýjy döwri barlag geçirilende, auditor – hasapçy islendik hojalyk işini diýen ýaly barlaýandygy we tassyklaýandygy, hasapçynyňka meňzeş öz hususy hasapçylyk belligini döredýändigi bilen häsiýetlenýär.  

Bagtyýar NURYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:22 am, Nov 22, 2024
temperature icon 9°C
ясно
Humidity 87 %
Pressure 1020 mb
Wind 2 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 8%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

MUNY BILMEK GYZYKLY

Next Story

2024-NJI ÝYL – «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLY

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop