Dark
Light
25.01.2026
04112022 011 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk binýadyny berkitmek ugrunda

24.02.2025

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir.

Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik serişdeler hem-de usullar arkaly çözmek Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň mazmunyny düzýär. Bu ýörelgeler dünýäniň häzirki gurluşynyň möhüm talabyna, onuň yzygiderli, döredijilikli ösüşiniň, asuda geljeginiň üýtgewsiz we esasy şertine öwrülýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyz bu ýyly geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýeti we onuň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň howandarlygynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer gün tertibi medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçüligiň aňyna ornaşan ters garaýyşlarydyr pikirleri ýeňip geçmegiň wajyp we aýrylmaz bölegine öwrülmäge gönükdirilendir.

Bägül HALYKOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly labaranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6033299d3570e088943339 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Şanly ýylymyzyň şygary – parahatçylygyň nyşany

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gurulýan ajaýyp binalar ýurdumyzyň bezegi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop