Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ynsan we Tebigat Arasyndaky Baglanyşyk

26.02.2025

Ekologiýa, janly jandarlaryň we olaryň daşky gurşawy bilen özara baglanyşykly bolup durýar. Ýer togalagyndaky her bir jandaryň we birzatlaryň özara täsiri, tebigy balansyň üýtgemegi bilen netijelenýär. Şeýlelikde, ekologiki deňagramlylygyň saklanylmagy, ynsanyň we beýleki jandarlaryň geljegi üçin möhümdir.

Ykdysady ösüş, dünýäniň dürli ýurtlary üçin zerurlyk bolup durýar. Emma ykdysadyýeti ösdürmek üçin tebigatyň çynlakaý zaýalanmagy, geljekki nesillere zyýan getirip biler. Munuň öňüni almak üçin durnukly ösüş düzgüni durmuşa geçirmek zerur bolup durýar. Bu, tebigaty goraýan tehnologiýalary ulanmak, gaýtadan işlemek we energiýa tygşytlamak ýaly çäreleri göz öňünde tutýar.

Tebigatyň goralmagy, sagdyn gurşawda ýaşamak üçin ähliumumy borçdur. Ýaşyl inisiatiwalar, durnukly ösüşiň ösdürilmegine we tebigatyň goralmagyna gönükdirilen çärelere ünsi çekýär. Bu, agaç ekmek, arassa energiýa çeşmelerini ulanmak, binalary ýaşyl energiýa bilen üpjün etmek ýaly taslamalary öz içine alýar.

Ekologiýa we tebigatyň goralmagy, geljek nesiller üçin ýaşaýyş gurşawynyň durnukly saklanmagy üçin möhümdir. Ykdysady ösüş bilen tebigatyň goralmagynyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ähliumumy durmuş ösüşi üçin zerur bolup durýar.

Didar DURDYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

img 20250225 220049 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Weterinariýa gullugynyň wekili “Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň Milli ýol kartasyny işläp düzmek” boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy

gggrgrg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň BMG-nyň agzalygyna kabul edilen güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop