Dünýä ylmynyň çalt depginler bilen ösmegi birnäçe täze ugurlaryň ýüze çykmagyna şert döretdi. Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym we tehnologiýalar ulgamyny ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, hemmetaraplaýyn özgertmeler ýolunda ynamly öňe barýar.
Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan bilim syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilýär, türkmen ýaşlary sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetýärler.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeler himiýa, biologiýa we beýleki dersleriň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini hasaba almak bilen, mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy giňeldilýär. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon, koreý dillerini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda giňden tagallalar edýän döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary milletiň ylym-bilim mümkinçiliklerini has doly amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylmy-tehniki ýörelgeleriň okgunly ösüşine, adam mümkinçilikleriniň derejesine işjeň goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Aýna GELDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy