THE ASHGABAT TIMES

Saglyk durmuşyň özeni

27.02.2025

Sagdyn durmuş ýörelgesi, adam saglygyny we abadançylygyny saklamak we ösdürmek üçin ykrar edilen tejribeleri we çemeleşmeleri öz içine alýar. Bu ýörelgeler, diňe bir beden saglygyny däl-de, eýsem ruhy we emosional saglygy hem öz içine alýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölekleriniň biri dogry iýmitlenmekdir. Biziň bedeniňimiziň ähli zerur iýmit maddalaryny we witaminleri almak üçin, çenden aşa şeker, duz we ýaglardan gaça durup, miwe, gök önümler, proteinler we doly däneli önümlerini hemme wagty kabul etmeli. Şeýle hem, ýokary ýagly we az süýümli iýmitlerden gaça durmaly we içgi suwunyň ýeterlik mukdarda kabul edilmegine üns bermeli.

Fiziki işjeňlik sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Sport bilen meşgullanmak, bedenimiziň sagdyn bolmagyny we keselçiliklere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýar. Hemme adamyň öz islegine görä sport görnüşini saýlap alyp, ýarym sagat ýa-da bir sagat ýaly wagtyň içinde sport bilen meşgullanmagy maslahat berilýär. Bu, diňe bir bedeniň saglygyny däl-de, eýsem ruhy ýagdaýyň hem gowulanmagyna ýardam edýär.

Ruhy saglyk hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegi bolup durýar. Stress we tolgunmalaryň azaldylmagy, ýeterlik dynç alyş we ünsüň jemlenmegi sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Meditasiýa, yoga we ş.m. usullar arkaly ruhy dinç alyşy gazanmak mümkin.

Atajan GOÇAMANOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylymly – bilimli ýaşlar döwletimiziň geljegi

ec840448891545a42dd0cc9617022125 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ekologiýa abadançylygyny goramak

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop