THE ASHGABAT TIMES

Ylym – bilim geljegiň röwşen ýoly

27.02.2025

Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasaty hem hut ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda ýaşlarda hyjuw döretmegiň, dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryna düşünmegiň zerurlygy ýurduň ykbalyny hem-de halkyň bagtyýar geljegini kesgitleýän wajyp wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Ýaşlar, olaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy baradaky meselelere, beden, aň-düşünje we döredijilik taýdan ösmek üçin şertleri döretmäge yzygiderli üns berip, Türkmenistan öňdebaryjy tejribelere hem-de dünýäniň döwrebap ösüşlerine laýyk gelmäge ymtylýar.

Elýas GELDIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ec840448891545a42dd0cc9617022125 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ekologiýa abadançylygyny goramak

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop