gzocswefksqtp2we6qcz0rkma8rt46bjhoxnuibehetph42fihtyz8g00eo9 960x570 1 THE ASHGABAT TIMES

Halkara giňişlikdäki ösüş

28.02.2025

Türkmen halkynyň ylham alýan şahyrlardyr, ýazyjylar täze- täze eserler döretse, suratkeşler milli buýsançlarymyzy, nyşanlarymyzy öz işlerinde şöhlelendirip, üstünlikli durmuşymyzy nakgaş işlerine geçirýärler. Munuň özi halkymyzda hem buýsanç duýgularyny oýarýar. Ata- babalarymyzyň paýhasly wesýetlerini, milli we umumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, adamy we onuň bagtyýarlygyny häzirki döwürde sanly bilim hem- de tehnologiýalar babatynda döredilýän mümkinçilikleriň çägi gün- günden artýar. Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň türkmen ýüreginiň gaýnap duran söýgüsinden, ýiti zehinden, akyldan hem- de watana bolan söýgiden, ýaşyl baýdaga bolan buýsançdan gelip çykýan joşgun- elbetde hökman ýeňişli bolup biler.


Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän köpugurly syýasy hem- de beýleki ugurlar boýunça ösüşler bu günki gün Parahatçylygyň belenet mazmunlaryny açyp görkezmekde üstünlikli çykyş etdi. Bu ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmakýyly” diýip, yglan edilmegi ýurdumyzda Türkmenistan üçin wajyp ähmiýete eýedir. Çünki dostana ýurtlaryň biziň ýurdumyz bilen ähli ugurly üstünlikleri gazanmagynda hem hut Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem – de Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz üçin edýän aladalary esasynda ýörelgä öwrülmegi diňe biziň halkymyz üçin däl-de eýsem parahatçylyk söýüji dünýä halklary üçin hem buýsandyryjydyr. Elbetde ylymly, bilimli ýşlary ruhy hem – de parasatly çelgisi bolmak beýik hem jöwher paýhasyň häzirki döwürde biziň Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy öňe alyp gitmegi bilen düşündirilýär. Çünki dünýäniň çar künjüne uzalýan Parahatçylyk baglary türkmen halkynyň gadymdan gelýän, iň gymmatly däp- dessurlary özünde jemleýän halkdygyny subut etmek bilen syýahatçylyga hem beýik ýol açdy. Bu hem iki halkyň arasyndaky halkara giňişlikde bitiilren işlerindir.


Türkmen topragynyň taryhy ýerlerine syýahat etmek şol sanda türkmen topragynyň taryhy bilen gyzyklanmak we ony bu günki gün dünýä ýaýmakda halkara parahatçylyk ýylynyň netije görkezýändiginiň ýene- de bir gezek aýdyň subutnamasydyr. Gadymy Ýüpek ýolunyň üstünde ýerleşýän Türkmen topragyny bu günki günüň modern kerwen ýollarynyň üstünden geçirmek boýunça birnäçe işleri ýola goýmagy bu günki gün biziň ýurdumyzda sanly ugur boýunça hereketleriniň hem kämilligini gazandy. Ýurdumyzyň parahatçylygyny hem-de Bitaraplygyny saglaýan ýer häzirki döwürde ýüpek ýoluň çatrygynda bolmak bilen geografik taýdan örän amatlylygy bilenbir hatarda bitaraplygynyň hem şu günki gün wajyplygyny özünde saklaýar.Ýüpek ýoluň çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi örän ähmiýetlidir.Munuň özi bu günki gün Türkmenistanyň liderlik häsiýeti özünde saklaýan döwletdiginden hem bellidir.


Türkmenistan diýarymyzyň ähli ýerinde şu günler Halkara parahatçylyk ýylynda birnäçe çäreleriň hem-de konferensiýalaryň, ylmy maslahatlaryňdyr, medeniýet günleriniň geçiriljekdigi hem-de ykdysady ugur boýunça birnäçe diplomatik gatnaşyklaryň giň mükinçilikler aljak ýyly boljagy eýýäm ýylyň başyndan hem bellidir. Bu mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem- de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen bu günki gün netijesini berýär. Paraahtçylyk söýüji halk bolan, parasatly türkmen halky gadymy asyrlarda hem dost- doganlyk gatnaşyklaryny hiç wagtda öz durmuşlaryndan aýyrmandyrlar. Hat-da türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Magtymguly Pyragy hem bu meselede hiç wagt çetde durmandyr. Tire- taýpalaryň birleşmesi bilen bir hatarda halklaryň dost- doganlyk gatnaşykalryna,olaryň dil medeniýetine beýik sarpa goýupdyr.


Bu gün Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem- de berk bedenli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmek bilen , täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýan ýaşlary okatmak we olary gelejege taýýarlamak üçin dünýäniň ösüşlerini öwrenmek üçin dünýäniň çar ýerine ylym- bilim almaga mümkinçiliklerden peýdalanýarlar.


Munuň özi halkara çäklerde topragynyň mazmuny has artýan ýurdumyz üçin abraýdyr. Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.


Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Türkmen topragynyň goýnunda ýaşap, asyrlar boýy taryhymyzy hem- de geografiýamyzy öwrenen alymlaryň bu topraga bolan gyzyklanmasy asyrlaryň hiç bir wagtynda-da gyzyklanmasyny ýitirmändir. Çünki dagy- deňzi, gaýasy, düzi altyn- kumuş, merjen, dür önýän bu topraklarda gadymy taryh näme üçin gaýtalanýan sahypalary bilen ýadygä rgalypdyr? Çünki söwda ýollary, deňiz, kerwen ýollary her zamanda türkmen topragyna bolan ünsüni saklapdyr.


Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda edilýän işleriň gün geldikçe artmagy we halkara abraýa eýe bolmagy bolsa, topragmyzyň gymmatyny artdyrýar.Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Nebit we gaz ulgamy-da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp, Diýarymyz beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Bu bolsa, bizi hünärmen hökmünde hem buýsandyrýar hem-de işimize söýgümizi artdyrýar.


Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem- de Hormatly Prezidentimiziň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär. Ýaşlar bolsa ýurdumyzyň gelejegi, olaryň okap, ösüp halkara derejeli taýýarlykly gelejegiň parahatçylygyny hem-de dünýä abraý getirjek usullaryny saglaýan ýaşlar bolup ýetişmeklirini gazanmaklary bu günki gün halkara gatnaşyklarda orun alýan ýurudmyzyň ýene bir gezek abraýyna abraý goşýar.


Türkmen halky Ösüşlerden ösüşlere beslenýän ajaýyp diýarymyzda bolsa, bu ugurdan zähmet çekýän ynsanlar has – da abraý alýar. Çünki tehnologiýalar häzirki döwürde ösjek derejesinde. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy. Günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler şeýle- de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler.


Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Bilim dünýäni ýagtyldýan şamçyragdygyna göz ýetirýän ynsanlaryň çagalara, olaryň terbiýesine, sowatlylygyna garaýşy hem başgaçadyr. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Komputer arkaly ulgamlaryň işini dolandyrmak bolsa, ýurdumyzda eýýäm birnäçe wagt bäri ýola goýuldy.Dogrudan hem wagtyň geçmegi bilen kompýuterleriň kämilleşmegi, gazanylan üstünlikleriň boş ýere däl- de eýsem, gelejege, ösüşlere bir goşant goşjak bir ýere jemlenjek tehnologiýalar merkezleriniň döredilmegi we şol sanda nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň komputer ulgamy arkaly döredilen işlerdigini subut etmek ususllary bu günki gün has – da ýoň hala geldi.


Häzirki döwürde innowasion tehnologiýalar arkaly guýularyň önüm ýygnanýan dürli gatlaklaryna gözegçilik edilýär. Gahryman Arkadgymyz. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda Bitaraplyk derejesi bilen dünýä halkarlaryna parahatçylyk söýüji ýol- ýörelgäni baýdak edinmegini ýaýamagy bu günki günher bir raýatyň we döwlet hem hususy edaralaryň uly goşandynyň bardygy subut edýär. Parahatsöýüjilik bolsa, Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Ol kökler türkmeniň sarsmaz ruhunyň köküdir. Goý şeýle kökler müňýyllyklara barýan ak ýola uzasyn! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezen ak ýoly bilen diňe parahatçylygy dünýä ýaýmak miýesser etsin!

Ýaran MEREDOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym – bilim geljegiň röwşen ýoly

fizioterapiya THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lukmançylykda reabilitasiýanyň orny

Soňkylar Makalalar

Sagdyn ıýmıtlenmek saglygyň sakasydyr

28.02.2025
Sagdyn iýmitlenmek adamlaryň beden we akyl taýdan saglygyny saklamakda we ösdürmekde möhüm rol oýnaýar. Düzgünli we deňagramly iýmitlenmek, dürli nutrientleri, witaminleri we minerallary üpjün

Innowasion Tehnologiýalar: Geljegiň Ýoly

28.02.2025
Innowasion tehnologiýalar häzirki zaman jemgyýetiniň ösmegine we ösüşine ägirt uly täsir edýär. Olar diňe bir adamleriň gündelik durmuşyny ýönekeýleşdirmeýär, eýsem, dürli pudaklarda täze mümkinçilikleri

Lukmançylykda reabilitasiýanyň orny

28.02.2025
Reabilitasiýa saglygy goraýşyň möhüm bölegidir, ol adamlaryň saglyk ýagdaýlaryny gowulandyrmak we maýyplygyny azaltmak maksadyny göz öňünde tutýar. Ol adamlar özerkçiligiňi gaýtadan dikeltmäge we ýaşaýyş

Ylym – bilim geljegiň röwşen ýoly

27.02.2025
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen

Ekologiýa abadançylygyny goramak

27.02.2025
Döwlet Baştutanymyz ekologik meseleler babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk çäreler kesgitlenilen hem-de täze ugurlary öz içine alýan Konsepsiýany tassyklady. Türkmenistanda
GitTop