Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.
Täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, hassalara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlarynyň diýen ýaly hödürlenilmegi ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipesini hem göz öňünde tutýar. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine yzygiderli iberilýär.
Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzyň ösen şypahana-sagaldyş merkezleriniň ulgamy Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň saglyklaryny dikeltmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Täze, döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we ýurdumyzyň meşhur sagaldyş merkezleriniň durkunyň täzelenilmegi netijesinde, bu ulgamyň infrastrukturasynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Keşbi tanalmaz derejede özgeren, durky düýpli täzelenen şypahanalar diňe bir dünýäniň belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen deňleşmek bilen çäklenmän, eýsem, enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi boýunça olardan öňe hem saýlanýar.
Ýeri gelende bellesek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidine ýaşlaryň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilen ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Işjeň dynç almak üçin ýörite zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryna bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygynda sport desgalarynyň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz şertdir. Olaryň düzümine häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howuzlar, tennis meýdançalary we beýlekiler girýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türgenler we tälimçiler bilen bir hatarda, dürli ugurlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaş hünärmenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy milli sport ulgamynda gazanylan üstünliklere berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir.
Maýa GURBANOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugalllymy