rb3evcznmcaceinvsip1a88z8vgwczgj4hsgvndwni4vz1k0sduod8twyvt4 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar parahatçylygyň ilçileri

03.03.2025

Türkmen halkynyň ösüş basgançaklaryny kesgitleýän parasatly ýörelgesine çelgi bolup durýan Türkmen Halkynyň Milli lideri- ýaşlary parahatsöýüjilikli ynsanlar edip ýetişdirmekde özüniň öwüt- ündewleri bilen gelejege ýol görkezýär.

      Munuň özi ýaşlarda watançylyk duýgusyny has-da güýçlendirmek bilen bilrikde, geçmiş mirasymyza sarpa goýmakda ýaşlara görelde bolmak hem-de öz beýik- beýik ägirtlerimizi, şahsyýetlerimiziň geçen ýollaryny öwrenmek bilen bir hatarda ,  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen hem- de Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gujurly ýaş zehini bilen halkymyzy durmuş bähbitli ähli şertler bilen üpjün etmek ugry barha köpelýär.  Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň özgerişleri hem-de Häzirki döwürde dünýäniň iň iri gurluşyk kompaniýalarynyň bilelikde bina edýän ajap şäherine hem- de Arkadag şäheriniň dowamyna garaşylmagy halkymyzyň buýsançly başyny asmana göterdi.

      Türkmen halky täze eýýämiň- Berkarar döwletimiziň Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýerine ýetirilýändigini ýokary derejeli ýaşaýyş şertleri bolan jaýlaryň raýatlarymyza hödürlenýändigi diýseň buýsandyrýar. Raýatlarymyzy ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmekde döwletimiziň ilatymyzy ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek üçin tagalla edýändigi raýat hökmünde bizi buýsandyrýar. Raýatlarymyzyň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak meselelerine ünsli garamaga mümkinçilikler döreýär.

     Häzirki döwürde ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen şeýle mümkinçilikli jaýlaryň innowasiýalar arkaly baýlaşdyrylmagy we innowasiýon usul boýunça edilen işleriň mümkinçilikleriniň artmagy halky buýsandyrýar. Täze döwrüň ýaňy bolan innowasiýon ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ýokary derejede ösdürmegiň täze usullaryna laýyk gelýän innowasiýalary ulanmakda halkymyz barada edýän aladasy dur. Halkymyz bu gün bagtyýar durmuşy saglaýar. Halkymyzyň asyrlar boýy şu günki güne getiren innowasiýon ösüşler bilen birlikde milli däp- dessurlarynyň utgaşmasy, häzirki zaman arhitekturasynda milliligimiziň şöhlelenmesi bolsa, bu günki gün ýurdumyzda edilýän işleriň has – da geriminiň giňeýändigini aňladýar.  Dürli döwrülerde – de ýaşlar belli bir uly akym bolup, dürli döwletleriň döwlet gurluşygyna, dürli taslamalaryň amala aşyrylmagyna, dürli açyşlary açmakda hyjuwly, bilesigeliji toparlar bolup hem- de uly güýç bolup hyzmat edýärler. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlara uly üns berilýär. Ýagny ýaşlaryň gelejegini saglaýan dürli mümkinçilikler döredilýär, olaryň bilim almaklary üçin, üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz ýerlerini tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Çünki ýaşlarda hyjuwly hem- de üstünlikli işler ýürek telwasyndan ýüze çykyp, bu günki günüň ösüşlerinden ertire paý äkitmek mümkinçiligi bar.

      Biziň ýurdumyzda hem ýaşlar guramasynyň hereket etmegi, talyp ýaşlaryň müňlerçesiniň işlemegi, okamagy we zähmet çekmegi bu ajaýyp mümkinçilikleriň ýene biridir. Gahryman Arkadagymyz durup geçdi we ondan birnäçe wagt soň bolsa, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap, özüniň şa eserni, naýbaşy döredijiligini halkymyza we türkmen ýaşlaryna hödürledi. Şeýle ýagdaýda halkyň hem- de ýurduň ykbalyny göterýän adamlara berilen güýjüň çäksizdigine göz ýetirýärsiň. Bu bolsa, beýik hem mukaddes derejede şol halka bolan söýginiň çäksizligini, şol adamyň halkyny söýüş derejesiniň çäksizligini hem görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaşlar üçin edýän işleri tükeniksizdir. Ýaşlaryň ylymly bolmagy üçin bu gün öňümizde çelgi barlygy bilen nusga görkezýär. Edebiýat we dil boýunça geçirilýän konferensiýalar ýaşlaryň milli ruhly şahyrymyzdan görelde almagy, watansöýüjiligi öňe sürmek jähtden ýolgörkezijidigini kesgitleýär. Ösüşlere şamçyrag bolup duran –Arkadagymyzyň ýörelgesi elbetde, ýaşlaryň we talyp ýaşlaryň durmuşda öz orunlaryny tapmaklaryna hem-de şol ornuň üsti bilen ýurdumyzyň gelejekki, döwrebap dünýägaraýyşly nesilleriniň öňünde Gahryman Arkadagymyzyň  dürli halklaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara döredilýän mümkinçilikler  biziň ýurdumyzda dünýäniň parahatsöýüjilikli halklarynyň milletimize goýýan sarpasydyr .  Halkara Bitaraplygymyzyň hem mizemez binýadyny gurýar.Şu ýyl ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda halkara derejesinde konferensiýalaryňdyr, maslahatlaryň geçirilmegi bolsa, ýurdumyzda halkara giňişliginde bitaraplygyň derejesini subut edýär.

      Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmen ýurduna laýyk ýaşlary terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly çeşmesinden akaba alan – kitaplar ýol ýörelge hökmünde ýüreklerde beýik joşgun bilen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemäge beýik nusgadyr.

      Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda geçirilýän köpugurly syýasy hem- de beýleki ugurlar boýunça ösüşler bu günki gün Bitaraplygyň belenet mazmunlaryny açyp görkezmekde üstünlikli çykyş etdi. Her ýyl Bitaraplyk baýramçylygy geçilmegi bilen ýurdumyzda bellenilýän baýrama dünýäniň çar künjünden wekilleriň gatnaşmagy hem Bitaraplyk statusyny alan Türkmenistan üçin wajyp ähmiýete eýedir. Bu ýylky geçirilýän baýramçylyk çäreleri hem Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny bellemekde aýdyň ýoldur.      

       Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagy öňden gelýän däp- dessurlara eýe bolup, Bitaraplyk derejesiniň üstünlikli ýola goýulmagy, bu dünýäniň iň iri hem- de ösen döwletleriniň alýan statusyny almaklygy bu günki gün ýurdumyzda amala aşyrylýan sebitleýin işleriň mümkinçiligini giňeldýär.

      Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu günler Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem – de şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk – doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýan çäreler geçirilýär.  Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär.

      Bu gün Halkymyz öz hazynasyna, milli baýlygyna hem-de ykbaly göterlen türkmen şahsyýetlerimiziň döredijiligine , milli mirasymyza eýe. Bu gün türkmen ýaşlary şol ruhy hem maddy mirasyň hak howandary Gahryman Arkadgymyzyň ýörelgesi bilen ýurdumyzda gelejege çeýe hem-de berk bedenli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmek bilen , täze mekana, has ösüşlere baý, dünýäniň ýüzünde mundan hem beýläk halkara abraýa eýe boljak mekanyň eýesi bolmaga ýol çelgi alýar, ak pata alýar.

      Elbetde Gahryman Arkadgymyz. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ýaşlarymyzyň paýyna düşýär. Bu gün şahyra bolan çyk hormat bilen birlikde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan göreldeli, medeni taýdan ygtybarly hem-de dostana beýik döwlet bolan –Türkmenistan diýarymyzyň goýnunda her ýylyň dekabr aýynyň 12- ne Bitaraplyk Baýramy bellenilýär. Bu baýram ýene – de müň ýyldan öz sütünini saklap durjak beýik bir ygtybarly döwletiň köklerinden, sarsmaz binýadyndan ybaratdyr we ol kökler ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyz bilen , Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen öňe äkitjek baýdagynyň, ýolunyň, ýörelgesiniň kökleridir. Ol kökler türkmeniň sarsmaz ruhunyň köküdir.

Ejegül ATAGELDIÝEWA
Mary nebit – gaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 18 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli ykdysadyýetimiziň  özeni

e10f7f8068dbf60978e925eb12ef7809 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn nesil – sagdyn gelejek

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop