Dark
Light
24.01.2026
6bvao7wnznjbqoy8hcfq2vdersw3fnysfuva0hygb1s4ivrhs7ppbehufv8q THE ASHGABAT TIMES

Medeniýet we sungat – Halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi

04.03.2025

Ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olary halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary, baý aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurlup ulanmaga berildi we olarda aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň çykyşlary guralýar. Ýaşlaryň köpüsi ilkinji aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde, oba medeniýet öýleriniň döredijilik toparlarynda alýarlar. Bu ýerlerde döredijilik bilen meşgullanmak, özboluşly milli aýdym-saz sungatymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän daşary döwletler bilen dürli ulgamlardaky, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň ugry boýunça medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy okgunly ösýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Giň hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň barşynda pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary we beýlekileri alyşmak ýaly medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanýar. Bu işler halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Özara gatnaşyk etmegiň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlarydyr halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Wena balynyň geçirilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özboluşly taryhy-medeni mirasyny we sungatyny wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen geçirilýän döredijilik çäreleri Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigini tassyklaýar. Ruhy gymmatlyk hökmünde milli medeniýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändiginiň nyşany bolan şeýle çäreler halkymyzyň ägirt uly döredijilik, ruhy we medeni kuwwata eýedigini dolulygyna açyp görkezýär.

Ajap REJEPOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

eziz diyar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürilmegi

i 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lukmançylykda ulanylýan serişdeleriň fiziki häsiýetleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop