THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

05.03.2025

     Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu ýyl  Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň üstünlikli gadamlary ýurdumyzyň halkara abraýynda oňyn ýer alýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça edilýän işler halkara çäklerinde üstünlikli gadamlar bilen güýjelýär.

   Biziň ýurdumyzyň Halkara derejesini almagy, şeýle- de Bitaraplyk derejesi bilen dünýä tanalmagy bolsa, halk bähbitli işlerde Hormatly Prezidentimiziň badalgalary bilen amala aşyrylmagy esasynda ýüze çykýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-nyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilen Rezolýusiýany makullamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň Döwletimiz üçin edýän aladalarynyň mysaly boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy barada Rezolýusiýa kabul etmegi Garaşsyz ýurdumyzyň Bitarap bolmagynda dabaraly ädim boldy.

Bagtyýar ýyllary aşypdyr türkmen,
Bu gün parahat hem bagtyýar ilde,
Bitaraplyk hakda aýdymlar bilen,
Hemem şygyrlarda joşup dur, türkmen
Bir mahallar, gadym- gadym eýýämde,
Biziň taryhymyz manydan doly…
Beýik Lider Mährem Arkadag bilen,
Gahryman Arkadagly Serdarmyz bilen,
Ýene müň ýyllyga ätländir taryh!
Bu güne getiren beýik barlygmyz,
Türkmen ili bilen Arkadgymyz,
Parahatsöýüji illiňe gurban,
Asuda asmanyňa, daga, düzüňe,
Sähralary ýaşyl çölüňe gurban!
Türkmen gezmez seni her gün bir görmän!
Parahat hem Bitarapdyr watany,
Dünýäň abraýyna abraý gatany!

Öz taryhy bilen şöhratly müňýyllyklary aşan türkmen halky bu ýyl “Halkara Parahatçylyk hem ynanyşmak ýylynda” Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna zähmet sowgatlary bilen gelýär. Şeýle-de öz taryhymyzy öwrenmekde nijeme ýollar açan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgyna hem-de Hormatly Prezidentine buýsanjy çäksizdir. Taryhda açylmadyk sahypalaryň jümleleriniň arasyndaky aýdylmadyk zatlary janlandyryp bilýän şahsyýetler bolýar. Olar halkyň aňynda, hakydasynda baky saklanýar, ol şahsyýetler bilenem il tanalýar, halk tanalýar, döwletler, yklymlar tanalýar. Türkmen halkynyň gahryman ogly 13-nji asyryň dünýäsini sarsdyran, batyrlykda we edermenlikde, adalatlylykda we çalasynlykda dünýäni aňk eden , bu güne çenli ady taryhyň tekjelerinden, dilleriň dessanlaryndan çykmadyk Jelaletdin Muhammet Meňburny özüniň ady bilen türkmeniň ady bilen bile öz adyny  “Soltan Jelaletdin ýa- da adalatly hökümdary bilen tanalan halk bu gün özbaşdak bitaraplyk toýuna şanly gadamlar bilen ädip barýar. Dekabr aýynyň 12 –ne belleniljek bu baýramyň şu günden eýýäm şowhun- dabarasy dag aýar.

Elbetde olar şahsyýetler tatyhyň sahypalaryna jan berýär. Şol taryhy sahypalarda öz ady ýazylan bolsa-da nesillere bu günki gün nusga hem heç wagt ýatdan çykmajak taryhy şahsyýet hökmünde halkyň buýsanjyna öwrülýär. Ol sahypalaryň täze, röwşen mazmunlaryny ýyl geçdigiçe çemeleşýän adamyň ahwaly bilen sazlaşyp, täzeden barmaga mümkinçilik döredýär.

Hak ýolundan barýan türkmen, doldy bu gün dile ol
Arkdagly Serdar bilen Öňe, Öňe Öňe ol,
Türkmen diýen ady bardyr,Magtymguly ogully,
Milli Lider – Gahrymany Halkyň Arkadagydyr,
Atalardan miras galan ruhy ezber türkmeniň,
Atalary nesilleriň ruhy sarsmaz ýoldur,
Bilim bilen, şöhratlydyr, ylym gülen güýçlidir,
Gyz- gelini supra ýaýar, eli daýym işlidir,
Ýigitleri at üstünde şemallydyr bedewi,
Enelerniň toý- tomgydan gelşer durar edeni,
Magtymgulyň diýarynda , Berkarardyr,illeri,
Bilim bilen ýagtylandyr ötlem- ötlem ýollary,
Ygyryndan ylham alar, güle gaýnar çölleri,
Hak sylamyş reýhan tutar, depe- degre, gollary,
Gelse nowruz çelpek ýapar, gollar durar niýaza,
Gaýrasynda gujagyna myhman alar Awaza,
Ýer bilen asman arada ýaňlanar Şahyr sözi,
Bagtyýar iller bilendir, nurlydyr, meňiz- ýüzi…
Ýene Hak sylamyşdandyr, reýhandyr ýyla çöli.

     Hak sylan topragyň, Döwletiniň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýy her bir türkmeniň başynyň buýsanjyny asmana göterýär. Bu günki günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleriniň geçirilmegi bolsa, Halkara Bitaraplyk güniniň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyklar görülmesidir. Türkmen halkynyň bagtyýar gelejegi üçin Halkara giňişlikde abraý alýan watanymyzyň toý- baýramlary täze öwüşginde şatlyk- dabara beslenýär.

Bagtyýar ýyllary aşypdyr türkmen,
Parahatçylyga aşykdyr, türkmen!

Ejegül BERDIÝEWA
Mary nebit- gaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

      

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:57 pm, Mar 6, 2025
temperature icon 13°C
небольшая облачность
Humidity 44 %
Pressure 1022 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 13%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:31 am
Sunset Sunset: 7:04 pm
144234 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Weterinariýa gullugy FAO-nyň «Bitewi Saglyk» taslamasynyň çäklerinde «Iýmit önümleriň howpsuzlygy» atly okuw maslahatyny geçirýär.

666926f6e6dba400028542 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

Soňkylar Makalalar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika
GitTop