Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň gözelligi – täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

10.03.2025

Paýtagtymyzy ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, onuň düzümleýin esasyny kämilleşdirmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi her ýyl täze binalardyr desgalar bilen has-da gözelleşýär. Olar Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, şäheriň ulag-kommunikasiýa, inženerçilik-tehniki we ugurdaş düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, olary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýollar, pyýadalar üçin ýodalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, duralgalar, ýol aýrytlary, köprüler ulanmaga berlip, täzeleriniň gurluşyklary dowam edýär. Paýtagtymyzyň barha özgerýän häzirki keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy, medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň sebitleri hem hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Olaryň toplumlaýyn ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we obalarda ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Watanymyzyň iň çetki künjeklerinde-de durmuş maksatly binagärlik toplumlary, edara binalary, durmuş düzüminiň dürli desgalary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar hem-de önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi adamlar baradaky aladany, her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýändigini görkezýär.

Ýurdumyzda bildirilýän talaplara laýyklykda, desgalaryň gurluşygynda we bezeginde diňe ýokary hilli serişdeleriň ulanylýandygyny bellemek gerek. Bu serişdeler saýlanyp alnanda ýerli howa şertleri, ekologik talaplara laýyklygy, berkligi, ulanylyşynyň amatlylygy hökmany ýagdaý hökmünde göz öňünde tutulýar. Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluny saýlap alan döwletimiz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Bu gün Türkmenistan durmuşa geçirilýän taslamalaryň giň gerimliligi bilen haýran galdyrýan ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şunda Arkadag şäherini mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we täsin binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täzeçil şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi hem-de halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy.

Ýurdumyzda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegi we halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy baş maksat edinýän döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumynyň ähmiýetli ornuny hemmetaraplaýyn ykrar etmek bilen, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşýär.

Islam REJEPOW
Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nyvsvn5umcsvmfb0ddggde11zlikwoealalw9ntf THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop