Dark
Light
26.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

10.03.2025

Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Bilim bermegiň öňdebaryjy usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, ýaşlaryň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplandy. Döwletimiz tarapyndan ýaş türkmenistanlylaryň bilim almaklary, ýurdumyza, halkymyza mynasyp gulluk etmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Bilim ulgamynyň ösüşine baha bermek, orta mekdeplerde pedagogik işgärlere bolan zerurlyklary seljermek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagy guramakda iň gowy halkara tejribeleriň öwrenilmegi Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýany durmuşa geçirmekde öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, mekdep maksatnamasyna täzeçillikleriň, hususan-da, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly dersleriň girizilendigini bellemek gerek. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de pikiri beýan etmegiň esasy serişdesidir. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini okatmagy we okuwçylaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmäge, okatmak işine lingwistika ulgamyndaky innowasion tehnologiýalary girizmäge gönükdirilen netijeli çäreler amala aşyrylýar.

Daşary ýurt dillerini okatmakda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy Türkmenistanyň bilim ulgamynda möhüm wezipeleriň biridir. Daşary ýurt dilleri umumy we hünär bilimi maksatnamalaryna hökmany ders hökmünde girizildi. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanda usulyýet üpjünçiligi, bilim bermegiň ähli derejelerinde okuw maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň, mugallymlary taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. Sapaklarda innowasion tehnologiýalardyr usullaryň peýdalanylmagy okatmak işini gyzykly we döredijilikli guramaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, professorlary, ugurdaş düzümleriň beýleki hünärmenleri yzygiderli esasda daşary ýurtlarda hünär derejesini ýokarlandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz mugallymlar hakynda alada edilmegini, olaryň ussatlygynyň we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, tutuş okuw-terbiýeçilik işiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berýän halkara bilim alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar.

“Maglumatlar asyry” diýlip atlandyrylýan ХХI asyrda bilim tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn talaplar bildirilýär. Munuň özi okatmagyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemäge iterýär. Milli bilim ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna, okgunly ösüş depginine laýykdygyny aýdyň görkezýär. Bu ugurdaky işler innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýän ýokary derejeli hünärmenleriň, maglumatlar asyrynyň çylşyrymly meselelerini çözmäge ukyply raýatlaryň taýýarlygynda, okatmak işiniň dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda özgerdilmeginde öz beýanyny tapýar.

Mahym HUDAÝBERDIÝEWA
Kaka etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň
Iňlis dili mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýurdumyzyň gözelligi – täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz geler ilime güller açar diýarym

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop