Dark
Light
24.01.2026
unnamed 2 1 THE ASHGABAT TIMES

Bil Onurganyň Miyelopatiýasy

12.03.2025

Bil onurganyň miyelopatiýasy – onurğa ýiliginiň zeperlenmegi bilen baglanyşykly bolan we dürli sebäplere görä ýüze çykýan çylşyrymly keseldir. Bu ýagdaý degeneratiw üýtgemeler, onurğa sütüniniň şikesleri, çişler, ýokanç keseller, autoimmun keseller ýa-da gan aýlanyşygynyň bozulmagy sebäpli döräp biler.

Miyelopatiýa esasan boýnuň ýa-da döş onurğasynyň sebitinde has ýygy duş gelýär. Onuň esasy alamatlaryna myşsa gowşaklygy, duýujylygyň peselmegi, deňagramlylygyň bozulmagy, ellerde we aýaklarda ysmazlyk, refleksleriň üýtgemegi, peşew we bigiş çykarmak bilen baglanyşykly kynçylyklar girýär.

Keseli anyklamak üçin magnit-rezonans tomografiýasy (MRT), kompýuter tomografiýasy (KT) we elektromýografiýa (EMG) ýaly usullar ulanylýar. Bejergisi sebäbe baglylykda, neýrohirurgiki operasiýa, ortopediki bejergi, derman serişdeleri we fizioterapiýa bilen amala aşyrylýar.

Keseliň irki döwürde anyklanmagy bejerginiň netijeliligini ýokarlandyrýar we has agyr ysmazlyk ýagdaýlarynyň öňüni almaga kömek edýär.

Akmuhammet ALÇEKOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

vospaleniya trojnichnogo nerva THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

 Ýüz Nerwiniň Newridi

beyin kanamasi 73603 b 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kelle Beýniniň Çiş Keselleri

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop