20210623 2 48882625 66337161 THE ASHGABAT TIMES

 Albinizm Keseli

12.03.2025

Albinizm – genetiki taýdan nesilden nesile geçýän keseller toparydyr we bedende melanin pigmentiniň ýetmezçiligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu pigmentiň ýetmezçiligi sebäpli deri, saç we gözleriň reňki açyk bolýar.

Albinizmiň dürli görnüşleri bar, olaryň käbiri diňe derini täsir edýär, käbiri bolsa gözüň pigmentasiýasyna hem täsir edýär. Esasy sebäbi, melanin öndürmekde möhüm rol oýnaýan fermentleriň kadaly işlemeýändigidir.

Bu keseliň esasy alamatlaryna deriniň gaty ak ýa-da açyk sary reňkde bolmagy, saçyň açyk reňkde bolmagy, gözleriň ýagtylyga aşa duýgurlygy, görme bozuklyklary we gün şöhlesiniň täsirine aşa duýgurlyk girýär. Albinizmli adamlar deri we gözüň rak keseliniň döremek töwekgelçiligine has ýykgynly bolýar.

Bejergi albinizmi düýpli bejermekden däl-de, onuň täsirlerini azaltmaga gönükdirilýär. Günüň zyýanly şöhlelerinden goramak üçin gün örtükli lybaslar geýmek, ultramelewşe şöhlesinden goramak üçin ýörite kremleri ulanmak maslahat berilýär.

Bäşim MÄMMETORAZOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:11 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
Баку
Öňki taryh

Baku: Gözelligiň we Gadymyýetiň sazlaşygy

i 29 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nowruz geldi ülkäme kalby salyp heýjana

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop