s352hc9f35b402fdf78525f688f8b5aa6e0b1ea5040f6 THE ASHGABAT TIMES

Kelle Beýnisiniň 4-nji Garynjygynyň Täze Döreme Keseli

12.03.2025

Kelle beýnisiniň 4-nji garynjygy beýni suwy bilen baglanyşykly möhüm anatomiýa bölegi bolup, bu ýerde döreýän çişler nerw ulgamyna düýpli täsir edýär. Bu çişler köplenç suwuklygyň akymyny böwetläp, kelleagyry, kelle içindäki basyşyň ýokarlanmagy, gözüň koordinasiýasynyň bozulmagy we hatda huşsuzlyk ýagdaýlaryna sebäp bolup biler.

Bu keseliň alamatlary çişiň ululygyna we ýerleşişine baglylykda üýtgäp biler. Esasy alamatlaryna kelle agyry, uklawsyzlyk, gözleriň ritmik titremegi (nistagm), işdäň peselmegi, kelle agyry bilen bilelikde ýüze çykýan gaýtarma we düşünjäniň bulaşmagy girýär.

Bejergisi hirurgiki operasiýa, şöhle bejergisi we derman serişdeleri bilen alnyp barylýar. Keseli irki döwürde anyklamak çişiň ýaýramagynyň öňüni almakda we bejerginiň täsirini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Sahit ANNANEPESOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
60bc9935f273c921 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Belent sepgitleriň gözbaşy

vospaleniya trojnichnogo nerva THE ASHGABAT TIMES
Next Story

 Ýüz Nerwiniň Newridi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop