Dark
Light
26.01.2026
i 28 THE ASHGABAT TIMES

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş maksady

13.03.2025

Ýurdumyz milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny standartizasiýalaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň  hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen,  kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejelerine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikatory we ş.m. işlenip düzüldi hem-de tassyklanyldy. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň häzirki zaman kliniki beýanlary işlenilip taýýarlanyldy

Ýurdumyzyň tebigy-klimatiki, läbik bejeriji, balneologik şypahana edaralary netijeli işleýär. Olarda türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň saglygyny dikeltmek hem-de dynç alşyny guramak üçin ähli şertler döredilen.

Ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän strategiýa, döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamynda wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan ilaty waksinalar we immunizasiýa bilen üpjün etmekligiň derejesi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeläp, immuno profilaktika boýunça çäreleri geçirýän döwletleriň birinji hatarynda durýar. Türkmenistanda waksina sanjymlary tölegsiz geçirilýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýädäki öňdebaryjy sepgitleri nazara almak bilen özgertmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, hususan-da dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly pugtalandyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar.

Seýdi ÖWEZGULYÝEW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 27 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Baýramlaryň soltany – Milli bahar baýramy

i 30 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag we aragatnaşyk pudagynda täze döwüriň başlangyjy

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop