Milli energetika syýasatynyň binýady bolup hyzmat edýän diwersifikasiýa ýörelgelerine esaslanyp, biziň ýurdumyz energetika babatda beýleki döwletler we halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi işjeň ösdürmegiň ýoly bilen barýar. Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge uly gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy dünýä kompaniýalary bilen giň hem-de köptaraply hünär gatnaşyklary muny tassyklaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular bilen dostluga, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr.
Bagtyýar BERDIMYRADOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby