Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Sanly Bilim Ulgamy—Watanymyzyň Geljegi

18.03.2025

Häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylýan döwri, sanly bilim ulgamyň toplumlaýyn ösüşi we onuň jemgyýetde döredýän oňyn täsirleri barada pikirlenmäge mümkinçilik berýär. Sanly ulgamlaryň bilim pudagyna goşýan goşandy diňe bir okuw prosesini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, Watanymyzyň geljegini emele getirmäge uly ähmiýet berýär.

Sanly bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda döredilip, ýaş nesle häzirki zaman talaplaryna laýyk bilim bermekde möhüm orna eýedir. Elektron derslikler, sanly okuw platformalary we onlaýn tälim kurslary ýaly gurallar, okuwçylaryň we mugallymlaryň işini has ýeňilleşdirýär. Şeýle-de, ähli sebaplerden garaşsyz, bilim almak mümkinçiliginiň ýokarlanmagy, watandaşlaryň aň-paýhas derejesiniň ösmegine goşant goşýar.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ýurdumyza getirilmegini üpjün edýär. Bu bolsa, ýaş nesliň dürli ugurlarda öňde baryjy bilime eýe bolmagyny kepillendirýär.

Mundan başga-da, sanly bilim ulgamy milli ruhyýet we medeniýeti ösdürmekde hem möhüm rol oýnaýar. Ýaşlarymyzyň milli mirasymyzy hem-de dünýä medeniýetini öwrenip, täze innowasiýalary döretmekde aktiw gatnaşmagy, ýurduň intellektual mümkinçiliklerini has-da ösdürýär.

Netijede, sanly bilim ulgamy diňe bir häzirki zaman bilim ulgamynyň bir bölegi bolman, eýsem, Watanymyzyň geljegini esaslandyrýan güýçdir. Bu ulgamyň giňden ulanylmagy bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň we dünýä derejesindäki ornunyň has-da belende galjakdygy subutnamadyr.

Allamyrat MÄMMEDOW
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Çary Gurbangylyjow adyndaky 19-njy orta mekdebiniň
okuw işleri boýunça orunbasary

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 34 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sungaty Şöhratly diýar

gettyimages 172591890 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sessiz lukmançylyk ýitiligi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss