Dark
Light
27.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Uky adam durmuşynyň aýrylmaz bölegi

20.03.2025

Uky adam durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup, beden we ruhy saglygyň saklanmagynda möhüm orny eýeleýär. Adamyň bedeniniň durnukly işlemegi we gündelik işlerini üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ukynyň dogry tertibe eýe bolmagy zerurdyr.

Uky wagtynda bedeniň dokumalary täzelenýär we öýjükleriň ömrüniň dowamlylygy üpjün edilýär. Aýratynam, gije ýeterlik ukynyň bolmagy bedeniň immun ulgamyny güýçlendirýär we kesellere garşy göreşde bedeniň ukybyny ýokarlandyrýar. Uky azlygy bolsa, güýçsüzlige we keselçiligiň ýokarlanmagyna getirip biler. Uky diňe fiziki taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem täsir edýär. Ýeterlik we kadaly uky, stresi azaltmaga, duýgularyň durnuklaşmagyna we zehin güýçleriniň ýokarlanmagyna kömek edýär. Şeýle-de, uky wagtynda beýni maglumatlary tertipleşdirýär we gündelik işlerini gaýtadan işläp, pikirleri has aýdyňlaşdyrýar.

Ukynyň saglyga oňyn täsirini almak üçin kadaly uky tertibini döretmek möhümdir. Her gün belli bir wagtda ýatmak we oýanmak, bedeniň biologik sagadyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem, ýatmazdan öňki sagatlarda gazly içgilerden we elektroharyt enjamlaryndan gaça durmak ukynyň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Ukynyň kadaly bolmagy adam durmuşynyň hilini ýokarlandyrýar. Energiýa bilen doly oýanmak, günüň dowamynda has işjeň bolmaga we karar kabul etmek ukybynyň ýokarlanmagyna ýol açýar. Mundan başga-da, ukynyň dogry bolmagy adam bedeniňde ýürek-damar ulgamynyň sagdyn işlemegine hem ýardam berýär.

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

nqej4bayekrismlib78epzvbbsidoxxgwxl3tlbz THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

6695034a210a8378443424 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop