Dark
Light
24.01.2026
tGSgL9s1FU THE ASHGABAT TIMES

2024-NJI ÝYL – «PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY» ÝYLY

24.01.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda agzybir türkmen halky täze ýyly uly şatlyk-şowhun, ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen garşy aldy. Ýylymyzy turuwbaşdan dabaralandyran wakalaryň biri-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip, mynasyp atlandyrylmagy boldy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk doglan gününiň uludan bellenjek ýylynda ýylymyzyň adynyň akyldar şahyryň ady bilen baglanyşdyrylmagy ähli halkymyz bilen birlikde, biz talyp ýaşlaryñ hem göwün guşuny ganatlandyrdy. 

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgylary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi, hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni- bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi.

 Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýyna bagyşlap “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden ajayyp şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan serpaý boldy. ”Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy” diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza “Onuň Alyjenaby” diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly  goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar. 

Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň öz beýik oglunyň edebi mirasyna goýýan uly hormatynyň, sarpasynyň nyşanydyr.  

Nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasyny belent tutup, olara hormat goýýan, biz ýaşlara okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Mähriban TIRKIŞOWA
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

uMaQcayw8l THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AUDIT BARADA DÜŞÜNJE WE ONUŇ TARYHY

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

AJAÝYP ESER- BIZ ÝAŞLAR ÜÇIN KÄMIL ÝOL-ÝÖRELGE, NUSGALYK GOLLANMA

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop