«SANLY BILIM ULGAMY-ÖSÜŞLERIÑ ÖZENI»

12.01.2024

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ uzak geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlary esasynda eziz ýurdumyzda täze döwrüň täzeçil wezipeleriniň biri bolan akylly hem kämil tehnologiýalary, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Taryh üçin gysga bolan döwrüň içinde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bagtyýar döwrüň ösüşinden hem-de möhüm talaplaryndan ugur alnyp, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we oňa sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Dünýäniň sanly ulgamlar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri geçirmekden ybaratdyr. Bu wezipelerden ugur almak bilen, häzirki döwürde ylmy barlaglaryň obýektleýin giňişliklerinde, halk hojalygynyň dürli derejeli akymlar bilen baglanyşykly pudaklarynda giňden ornaşan, oňyn netijeleri berýän sanly tehnologiýalaryň biri bolan geomaglumat ulgamlary milli bilimde innowasion çemeleşmeleriň mysaly bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda adamzat maglumatlaryň elýeterliliginden, sanly hyzmatlardan, çäklendirilmedik aragatnaşygyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ähli innowasiýalaryň özeni bolan bilim ulgamy häzirki zaman ykdysadyýetiniň güýçli depginlerde ösüşini üpjün etmegiň geljekde öňde duran maksatlaryny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. Bu şertleri göz öňünde tutmak bilen, ýurdumyzda bilim işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we IT-bilimini kämilleşdirmek babatda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Sanlylaşdyrma adamzat durmuşynyň sosial paradigmasyny üýtgedýär, bilim almak we hünäri kämilleşdirmek, talyplaryň gözýetimini giňeltmek üçin mümkinçilikleri açýar. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalar diňe bir gural bolman, eýsem barlyk gurşawydyr, ol islendik amatly wagtda öwrenmek, üznüksiz bilim almak, aýratyn bilim ugurlaryny taslamak, elektron resurslary sarp edijilerden döredijileriň hataryna geçirmek ýaly täze mümkinçilikleri açýar. Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy gündelik guralýan sapaklaryň hilini ýokarlandyrmaga, öwrenilýän sapaklaryň mazmunyny doly derejede ýüze çykarmaga, geljekki hünärmenleriň iş ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmäge ýardam berýär.  

Türkmenistan ýurdumyzyň ylmy-tehniki, intellektual kuwwatyny artdyrmagyň bähbidine bilimi hem ylmy ösdürmek, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, uzak geljegi nazarlaýan özgertmeleri ylmy esasda durmuşa geçirmek oňyn häsiýete eýe bolýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrmak bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi her bir raýatyň, esasan hem ýaşlaryň sazlaşykly ösmeginiň esasy şertidir. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de çagalar-sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary yzygiderli gurulýar. Täze gurulýan binalaryň ählisi häzirki zaman kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär. Bilim edaralaryna, bilim ojaklaryna sanly ulgamyň gazananlaryny, elektron okuw-görkezme esbaplaryny, wideo we audio materiallary, elektron kitaplaryny, okuw gollanmalaryny taýýarlamaga ýardam bermek möhüm wezipe bolup durýar. Durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermeklik işi maksadalaýyk ýola goýulýar. Munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň bu ulgamlaryndan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek, degişli ylmy-barlaglary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň doly sanlylaşdyrylmagy ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmelere, ýetilen belent sepgitlere, döwrebap bilimli, päk ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňde duran wezipelere üstünlikli ýetmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bagtyýar döwrümizi uly rowaçlyklara besleýär. Ýurdumyzyň abadançylygy, ýokary ukyp-başarnykly ýaşlary taýýarlap ýetişdirmek ugrunda berýän goldawy, taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. 

Atamyrat AHMEDOW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:51 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1020 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

7 AÝRATYNLYK

Next Story

ÖSMEK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop