Dark
Light
28.01.2026
eIoe011pG3 THE ASHGABAT TIMES

ALFRED NOBEL

16.02.2024

1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda Alfred Nobeliň buýrugy boýunça dünýäniň iň abraýly we iň uly baýragy döredildi. 2001-nji ýylda Nobel baýragy ilkinji baýragynyň 100 ýyllygyny belledi. Nobel baýragy bilen sylaglanmak, adam işjeňligine iň ýokary baha bermek sylaglarynyň biridir. Nobel baýragy öz ady bilen adamzadyň ähli ynsanperwerlik üstünliklerini – ylym, edebiýat, parahatçylyk we sport ugrundaky göreşi (2001-nji ýyldan bäri) birleşdirýän ýeke-täk halkara baýragydyr.

Döredilen gününden bäri edebiýat ugry boýunça 120 ýazyjy baýrak aldy. Iňlis dilinde ýazan ýazyjylar sany boýunça sanawyň başyny çekýärler – 31. Fransuz dillerinde ýazylan eserlerden 15 sany we nemes dillerindäki kitaplar üçin 14 sany ýazyjy baýrak aldy. Ispan dilinde – 11, şwed dilinde – 7, italýan we rus dillerinde – 6, polýak dilinde – bäş, norweg dilinde – 4 we daniýalylar- 3, her haýsy iki gezekden ýeňiji bolan grek, ýapon we hytaý dillerinde eser ýazan ýazyjy-şahyrlar bar. Arap, bengal, wenger, island, portugal, serb-horwat, türk, oksitan (prowensal fransuz), fin, çeh we ýewreý dillerindäki eserleriň awtorlary her haýsy bir gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna eýe boldular.

Proza žanrynda işleýän ýazyjylara baýrak eýleki žanrlarda eser döredýänlere görä has köp gezek gowşuryldy: 80 gezek, poeziýa eserleri ikinji orunda (35), drama üçünji orunda (14). Taryh we pelsepe boýunça eserler hem ýeňiji diýip yglan edildi. Şol bir ýazyjy birnäçe žanrdaky eserler üçin sylaglanyp bilner. Mysal üçin, Mauris Maeterlinck (Belgiýa; 1911) proza ýazyjysy we dramaturg hökmünde baýrak aldy.

Baýrak alanlaryň ortaça ýaşy 65-e deň bolup, iň kiçisi 41 ýaşynda (1907) baýragy alan Rudýard Kipling, baýragyň iň uly ýaşly eýesi 88 ýaşly Doris Lessing (2007). 1901-nji ýyldan bäri bu baýrak 1914, 1918, 1935, 1940-1943-nji ýyllarda  gowşurylmady.

1953-nji ýylda bu baýrak “Taryhy we biografiki häsiýetli eserleriň ajaýyplygy, şeýle hem iň ýokary adamzat gymmatlyklary goralýan ajaýyp söz sungaty üçin” Angliýanyň premýer-ministri Winston Çerçile berildi.

Baýrak alanlaryň arasynda 17 sany zenan bar. Bu baýragy ilkinji bolup  1909-njy ýylda alan şwesiýaly zenan ýazyjy Selma Lagerlöf bolup, “Nilsiň ýabany gazlar bilen ajaýyp syýahaty” (1906) atly  kitaby bilen meşhurlyk gazandy. Baýrak iň soňky gezek zenan ýazyjysyna 2022-njy ýylda berildi. Ýeňiji fransuz ýazyjysy Anni Erno . 

Hydyr AHMEDOW

Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk 

institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

UgsXmgYhF9 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

DANÝAN-KUNŞANYŇ ADYNY AGZAMAZLYK MÜMKIN DÄL

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop