Dark
Light
24.01.2026
EoLidZueFD THE ASHGABAT TIMES

D WITAMININIŇ ADAM ORGANIZMINDÄKI ORNY

17.02.2024

D witaminine başgaça “güneş” hem diýilýär‚ sebäbi ol günüň ultramelewşe şöhlesiniň täsiri bilen emele gelýär. Emele gelýän witaminiň mukdaryna köp faktorlar: günüň täsiri edýän derisiniň üstüniň meýdany‚ ýylyň pasly‚ geografiki giňişlik‚ deriniň ýakallygy‚ adamyň ýaşy täsir edýär.

D witamininiň peýdasy:

-kalsiniň we fosforyň özleşdirilmegine ýardam edýär;

-süňkleriň we dişiň ösmegi üçin zerurdyr;

-ganyň lagtalanmagy üçin we ýürek işjeňligini goldamak üçin peýdaly;

-infeksiýalar bilen zäherlenmek töwekgelçiligini kemeldýär we diabetiň döremegini azaldýar;

-daýanç hereket ediş ulgamynyň işinde gatnaşýar.

D witamini ýetmezçilik edende çagalarda rahit keseli döräp bilýär‚ ulularda bu witaminiň ýetmezçiligi osteomalýasiýanyň (süňkleriň ýumşamagynyň) we osteoporozyň (süňk dokumasynyň dykyzlygynyň peselmegine) döremegine ýardam edýär. Bioaktiw goşundylardaky D witaminiň köp mukdary ganda kalsiniň derejesiniň ýokarlanmagyna we böwrek ýetmezçiligine getirip biler. Iýmit bilen D witamininiň artykmaç alynmagy‚ eger-de balyk ýagyny köp sarp etmeseň‚ asla mümkin däl.

Bilşimiz ýaly‚ D witaminiň esasy wezipesi-fosforyň we kalsiniň bedene siňmegini üpjün etmek. Şunuň bilen baglylykda‚ trawmotolog-ortoped lukmany Olga Limorenko D witaminini kabul etmegiň käbir ýönekeý düzgünleri hakynda şeýle diýýär:

Onuň aýtmagyna görä‚ D witaminini D3-e we D2-ä bölmeli. Olaryň birinjisi-holekalsiferol bedene ultramelewşe şöhleleri arkaly girýär‚ ikinjisi-ergokalsiferol bolsa iýmitiň düzüminde bolýar. D2 witamininiň ýeterlik bolmagyny üpjün etmek üçin ýagly süýt önümlerini we ýagly balyklary iýmeli. Ol belli bir mukdarda ýumurtganyň‚ şeýle hem “lisiçka” diýlip atlandyrylýan kömelekleriň düzüminde hem bar. Bu önümler güneşli günleri az bolýan sebitlerde ýaşaýan adamlar üçin has-da peýdalydyr.

ABŞ-ly alymlar geçiren gözleglerinde‚ gün şöhlesiniň adamy depressiýadan goraýandygyny anykladylar. Gözlegler netijesinde‚ gün şöhlesiniň beýni tarapyndan bölünip çykýan melatonini azaltmaga we bagt garmony diýlip atlandyrylýan serotoniniň köpelmegine täsir edýändigi anyklanyldy. Bu bolsa köp keselleriň döremek töwekgelçiligine D witaminiň ýetmezçiligi sebäp bolýandygyny aňladýar.

Alymlar hemişe gamgyn bolup ýören adamlara D witamininiň ýetmezçilik edýänini aýdýarlar. Beden üçin zerur bolan D witaminiň diňe 10 göterimini iýmit bilen alyp bolýar. Lukmanlar ýumurtganyň sarysy‚ sygyr bagry we balyk ýagy ýaly iýmitleriň D witamininiň iň oňat çeşmesidigini mundan başga-da bedene zerur bolan D witamininiň köpüsiniň gün şöhlelerinden alynmalydygyny belleýärler.

Sülgün MÄMMEDOWA

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TÜRKMENISTANYŇ RAÝAT JEMGYÝETINDE SANLY INNOWASIÝALARY ILERLEDÝÄR

NLW2gjZaky THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“MAGTYMGULY PYRAGY – DÜNÝÄ EDEBIÝATYNYŇ TANYMAL GÖRNÜKLI USSADY”

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop