Dark
Light
25.01.2026
skandinaw THE ASHGABAT TIMES

Häzirkizaman binagärlik stilleri

23.02.2024

Minimalizm stili  1920–1930-njy ýyllarda Ýewropada we ABŞ-da peýda bolup,  XX – XXI asyryň sepgidinde  meşhurlyga eýe boldy. Aýratynlyklary. Binagärler bezegi terk edýärler we ýönekeý kölegeleri hem-de ýeňil taksturalary ileri tutýarlar. Esasy elementleriň biri otagdaky yşykdyr – olar köp bolmaly. Ulanylýan esasy materiallar beton, aýna hem-de agaç. Binalar geometrik şekillere esaslanýar, fasadlary ýönekeý, çyzyklary takyk we burçlary göni.
Mysallar. ABŞ-daky Montauk öýi, Italiýanyň Weneto sebitindäki Casa delle Bottere kapellasy bolan hususy jaý, Angliýadaky mekdep kriket pawiliony. Bularyň hemmesi Iňlis arhitektory Jon Pawsonyň eserleri.
Skandinaw stili. XVIII asyrda haçan-da Şwesiýada Fransiýadan ýa-da Italiýadan gelen ussalaryň ýörelgelerine bil baglamazlyk kararyna gelnip, hakyky binalary döretmek barada ideýa öňe sürlende ýüze çykdy .
Aýratynlyklary. Düzgün bolşy ýaly, binalar, esasanam, ýaşaýyş jaýlary agaçdan, köplenç ýelimlenen bölek agaçlaryndan gurlupdyr. Jaýlar köplenç eňňitli üçekli, kiçijik, ýöne funksional maksatly. Skandinaw görnüşindäki binalar bezegden düýbünden mahrum, fasadlary adatça saýding ýa-da gips bilen örtülendir. Agaç ýaly tebigy materialdan, ýöne reňk ýa bezeg bilen işlenmedik.
Mysallar. Sanden + Hodnekvamyň eserleri: Norwegiýanyň Innerøy şäher häkimliginde bir kiçijik jaý, “Şelter” taslamasy.
Blob arhitekturasy. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda, adaty bolmadyk suwuk şekilli binalar bütin dünýäde peýda bolup başlady. Bu adalganyň özi, soňrak Amerikaly žurnalist we ýazyjy William Safiriň “Nýu-Yorkork Taýms” žurnalynda  çap eden makalasynda peýda bolupdyr.
Aýratynlyklary. Bu stil öz adyny iňlis dilinden “damja” ýa-da “topjagaz” diýip terjime edilýän blob sözünden alypdyr. Binalaryň akýan fasadlary bar, diwarlary egri we desgalaryň ýiti burçlary ýok diýen ýaly.
Mysallar. Angliýanyň Birmingem şäherindäki Selfridges binasy, Angliýanyň Geýtshead şäherindäki Sage Geýtshead merkezi.

Aýgözel SARYHANOWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

GettyImages 577324998 724x420 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanamak işiniň basgançaklary

7Ehdp Untitled 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arhitektura – täsin dünýä

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop