Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, gara nebse çapmazlyk, edeplilik, salyhatlylyk, husytlyk, zalymlyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.
Häzirki döwüriň baş maksatnamalarynyň biri-de, Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, raýat jemgyýetini gurmagy we ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düsünjeli we beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Şonun üçin hem ýurt Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipelere layyklykda häzirki wagtda kämil raýat jemgyýeti kemala gelýär. Bu bolsa XVIII asyrda ýaşan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji- hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çunnur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär.
Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azarbeýjan, arap emiri, belarus, özbek, gazak, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.
Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.
Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň ( TÜRKSOY) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024 ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly’’, Türkmrnistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “ Türki dünýäniň medeni paýtagty’’ diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny biragyzdan goldadylar. Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOY guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwruldi.
Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyny, bilmek isleýän meseläň tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjalaryna tanadan genial şahyrdyr.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzda ata-babalarymyzyň nesillere galdyryp giden şöhratly mirasyny hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmäge hem-de olary dünýä ýaýmaga has-da giň mümkinçilikler döredi. Bu milli pähimler babatda-da şeýle. Milli pähimler, şol sanda atalar sözidir nakyllar gysga sözde köp many aňladýanlygy bilen tapawutlanyp, türkmen nusgawy şahyrlarynyň aglabasynyň ýazan eserlerini bezäp gelipdir. Olar öz şygyrlarynda öňde goýan maksatlaryny pähimleriň baş maksadyna gabat getirip ýazypdyrlar. Magtymguly pyragy hem nusgawy edebiýatymyzyň beýleki görnükli wekilleri ýaly, nakyllaryň diňe terbiýeçilik ähmiýeti bolanlaryny saýlap-seçip almagy, olary öz tabynlygynda hereket etdirmegi ussatlarça başaran şahyrdyr.
Ine, şonuň üçin hem nakyllaryň durmuşyňyzda has çuň mana eýe bolmagynda Magtymguly Pyragynyň bitiren hyzmaty uludyr. Ol türkmen nakyllaryny özüçe işläpdir, şonuň ýaly-da, onuň döreden onlarça-ýüzlerçe goşgy setirleri atalar sözüne öwrülip gidipdir.
Aslynda, akyldar şahyry onuň döreden nusgawy eserlerini türkmen halk döredijiliginden üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin hem däl. Ol goşgularynda türkmenleriniň häli-şindi ýüzlenip duran halk döredijiliginden ýeterlikli peýdalanmak bilen olary öz setirlerine siňdirmegi başarypdyr. Onuň yşgy söýgä, öwüt-nesihat, tankydy goşgulary bilen birlikde ynsanyň gylyk häsiýetine degişli, ýagny, mert, namartlyk, batyrlyk, halallyk, il-güni agzybirlige çagyrýan goşgulary hem bar. Ol halk döredijiligi toparynyň häsiýetine laýyklykda onuň ruhyny, mazmunyny şygyrlarynda şahyranalyk bilen beýan edipdir şonuň üçin hem ol diňe bir nakyllardyr atalar sözüni ulanmakda ussat şahyrlarynyň hatarynda tanalman, eýsem, ol onlarça şygyrlarynda nakyla öwrülen setirleri ündew etmegi, halk nakyllaryny haýsydyr bir gutarnykly pikiri doly çeper bir hala salyp, onuň netijesini aýan edip, şol netijäni hem birinji orna çykaryp, ileri sürmegi başaran naýbaşy şahyr hökmünde tanalýar. Şu ýerde şahyryň nakyla öwrülen setirleriniň käbirlerine ser salaly: “Kişi sözlemeýen, syry paş bolmaz”, “Ýeke äriň ömür ady tutulmaz”, “Bu nakyldyr adamzat, sen bu mekana geldiň”, “Söz manysyn aňmaz adam, bir guýruksyz ite meňzär”, “Ýamana öwüt hebesdir, ýagşy äre bir söz besdir”, ”Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, märekede otur-turuşyn görüň. Birew bilen aşna bolaý diýseňiz, owal ykrarynda duruşyn görüň”. Şular ýaly onlarça nakyllar dana şahyryň ölmez-ýitmez eserleriniň esasyny düzýär.
Türkmen ruhunyň Magtymguly bilen bir şahada gatylyp-garylyp gidendigine güwä geçýän Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” atly romanynda şeýle teswirleme berilýär. “Pederlerimiz bir pähim döredipdir: “Il bilen gelen ölüm toý-da – baýram” diýip, wagtyň geçmegi bilen adamlar bu pähimde “ölüm” sözüni aýryp taşlapdyrlar. Magtymguly atamyz bu pähimi has ýönekeýleşdiripdir: “Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni”.
Magtymguly pyragynyň agzybirlikde ýaşamak, Watany ak ýürekde söýmek baradaky arzuwlary Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrýar. Ýurt Baştutanymyz döwletiň güýjiniň milletiň bitewüliginde we agzybirligindedigini mydama nygtap geçýär, döwletiň üstünlikleriniň esasynda bolsa parahatçylygyň we agzybirligiň durandygyny belleýär. Beýik akyldaryň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny barada söz açyp, Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň bize ajaýyp eserleri miras goýan şahyr we akyldardygyny belläp geçýär. Häzirki wagtda tutuş adamzat beýik filosofyň we ynsanperwer şahyryň şygrýetinden joşgun we ruhy kuwat alyp, parasatly türkmen danasynyň döredijiligine uly hormat goýýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: ”Magtymguly pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr”.
Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr. Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur çaýýandygy bilen baglanşyklydyr. Goý, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň her bir güni Pyragynyň şygyrlary ýaly owadan hem manyly bolsun!
Mahym NURYÝEWA
S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby