TERBIÝÄNIŇ DÜZGÜNLERI HAKYNDA

15.02.2024

Eger-de   biz şertli  ýagdaýda  gadymy  adamyň  belli  bir  ýaşaýyş döwrüni  onuň  öz  güzeranyny  hiç  kese  mätäç  bolman, diňe güýjüne daýanyp amal edýän görnüşde göz öňüne getirsek,  onda  edil  şeýle  şertlilikde  oňa  hiç  kes  bilen aragatnaşykda,  jemgyýetçilik  baglanşykda  bolmaýan häsiýetnamany  ýöňkemeli  bolarys.  Eýýäm  awy  diňe özüne mehzeşler bilen bilelikde awlamak zerurlygy onuň tutumynda bir-birege sesli-hereketli   düşünişmek, aragatnaşykda  bolmaklygy  döredýär.  Awçylygyň  has kämilleşiş  derejesinde  awa  bukuda -garymda garaşýanlar we awy olara tarap kowanlar biri-biri  bilen göze   görünmeýän,   emma   hakyky   psihologikarabaglanyşykda, gatnaşykda bolýarlar.

Zähmetiň   adamlaryň   toparlarynyň   arasynda paýlaşylmagy,  bir  önümi  öndürýän  toparyň  ikinjini öndürýän  bilen  haryt  alyş-çalşygyna  goşulmagy, toparlaryň  parahatçylykly  ýaşaşmagyna  bilelikde tagalla   etmeklik   jemgyýetçilik   gatnaşyklarynyň ykdysady,  syýasy –aňyýetýaly  görnüşleriniň döremegine getirýär.

Taryhy osüşde adamlar özleriniň hakyky adyna mahsus sypatlaryny döretmek we saklamak üçin birek – birek bilen aragatnaşykda bolmalydygy dogrusyndaky hakykaty özleşdirýärler. Adam özüne meňzeş beýleki adamlara seredip, olar bilen dürli gatnaşyklarda bolup, özüne adam hökmünde gatnaşykda bolýar.

Adamlaryň  biri-biri  bilen  aragatnaşygy degişli toparlarda  amala  aşyrylýar.  Toparlar  göze  görünýän, daşky  we  içki  taýdan  guralan  hem-de göze görünmeýän., adamyň özüni aňlaýan ýa-da aňlamaýan häsiýetde  belli  bir  durmuş  toparynyh -agzasy hökmündegöz  öňüne  getirmegi,  onuň  kadalaryna eýermekligi  häsiýetde  bolýar.  Dürli  sebäplere  görä jemgyýetden üzňe düşen adamlar ýaşalmaýan adalarda özlerini sosial toparyň hakyky agzasy ýaly özüni alyp barşyny şol öňki toparynyň, döwletiniň, medeniýetiniň kadalaryna  laýyklaýar.  Adamyň  özüni  alyp  barşynda we işinde onuň toparlara goşulmaklygy bilen döreýän psihologiýay   üýtgeşmeden   hem-de toparyh psihologiýanamasyny  derňeýän  ylym  jemgyýetçilik sosial  psihologiýanamadyr.  Her  kes  öz  gündelik synlamalarynda  käbir  adamlaryň  ýekelikde  ýygra, özüne  ynamsyz  häsiýetiniň  ol  topara  goşulanda dogumly,  ugur  tapyj’y,  aragatnaşyga  meýilli  adama öwrülýandigine  göz  ýetirýär.  Tersine,  toparda  aýak uçdaky orunlarda hereket edýäniň ýekelikde örän işjeň, öndürijilikli işgär häsiýetde bolýanlygy seýrek däldir.

Toparlar hakykywe şertligörnüşlere  bölünýär. Belli  bir  giňişlikde  we  wagt  kesiminde  bir-birleri  bilen özara  gatnaşykda  bolýan  adamlar  toplumy  hakyky topardyr.  Zähmet,  okuw,  sport,  harby  toparlar  hakyky topara degişlidir. Haýsydyr bir şertli sypat esasynda bir bütewilige birleşdirilýän adamlar birleşmesine şertli topar diýilýär.  Hasabatda  ýüze  çykarylýan  ýürek—gan  damar keselliler,  test  synagynda  belli  bir  akyl -psihologiýa derejesini  ýüze  çykaran  okuwçylar  we  beýlekiler  şertli toparlaryň mysalydyr.

Bezirgen MAKSADOW

Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk 

institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
6:00 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

GEOINFORMASION SISTEMANYŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞI WE OLARY PEÝDALANMAGYŇ ESASY UGURLARY

Next Story

ADAMLAR GYMMATLYKLARY

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop