C0J4uTEhb8FrMcA3d75K1vyAPwg4hm 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

«The Investor» žurnalynyň direktory bilen duşuşyk barada

20.02.2024
XB9YnRgNAiWWj0bDaqoEDRa3872umV 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistan bilen “The Investor” žurnalynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.L.Slowinski žurnalyň redaskiýasynyň ýurdy halkara işewürler jemgyýetine has-da giňişleýin tanatmak üçin Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar žurnalyň Türkmenistan barada ýörite sanyny neşir etmek mümkinçiligine garadylar.“The Investor” žurnalynyň direktorynyň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki saparynyň çäginde ýurduň degişli ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary meýilleşdirilýär.«The Investor» – «Beyond Investments Group» fransuz konsalting we neşirýat kompaniýasynyň düzümine girýän, halkara derejesinde öňdebaryjy işewürlik neşiri bolup durýar. Kompaniýa ösüp barýan bazarlar barada iň soňky maglumatlary bermäge ýöriteleşendir we umumy maýa goýumlary 60 milliard dollardan gowrak bolan 48 ýurtda 165 müňden gowrak maýa goýujylaryň toruna girmäge mümkinçiligi bar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:43 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

GEOGRAFIKI ZÄHMET BÖLÜNIŞI TAGLYMATY

u5OE9Y6ul9Sq79me56bMNXTMrSaDhB 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň DIM-nde Halkara zähmet guramasynyň Sebitleýin direktory bilen duşuşyk

Soňkylar Habar

GitTop