Dark
Light
24.01.2026
H2jjUTMo1Swnm0J0WVmu1WItRg3lGi 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Ýaponiýada türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşdy

23.02.2024

024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekilýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň düýp pikir we ähmiýeti hem-de ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler barada söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda edilen çykyşlarda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine girizilen kadalara laýyklykda ýaşlara işlemäge we mynasyp durmuş şertlerine eýe bolmaklary ugrunda döredilýän ýeňillikler barada bellenildi.

Gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýapon diline tejime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklary dogrusynda bellenilip geçildi.

Talyp ýaşlar hem öz gezeginde Ýaponiýada okamaklary we bilimlerini artdyrmaklary üçin ýurdumyz tarapyndan döredilen giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

22022024 003GLAVNYY THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

OxQkP6W7BiAIFFB2Kwk0NU8j2QPBg7 920x340 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop