Dark
Light
24.01.2026
EKLY4LoTqZ THE ASHGABAT TIMES

ÝUNESKO-NYŇ ADAMZADYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASY

14.02.2024

Geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ene-mamalarymyzdan bize miras galan kesdeçilik sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzy iňňän buysandyrdy, guwandyrdy. Bu sungat gadymy türkmen medeniyetiniň iň nepis, iň inçe we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň biri halkymyz tarapyndan sarpalanýan sungat eseridir. Halkymyzyň sanly geçmişini, milli özboluşlylygyny özünde jemleýän kesdelerimiz eli çeper gelin-gyzlarymyzyň içki dünýäsiniň, edep-ekramynyň, başarnyklarynyň mynasyp beýanydyr. Ene-mamalarymyz inçejik iňňäniň kömegi bilen döreden bu deňi taýy bolmadyk nepis sungaty özleriniň gyzlaryna, gelinlerine, baldyzlaryna öwredip, häzirki günlere çenli ýetiripdirler. Ýurdumyzyň Döwlet muzeýinde mynasyp orun alan Gahryman Arkadagymyzyň ejesi, Hormatly Prezidentimiziň enesi, külli türkmeniň mährem käbesi Ogulabat ejäniň yhlas siňdirip, sünnäläp tiken toy kürtesi munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkyny ýeňişleriň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzyň abraýyny beýgeltmekde, ony dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaç alsyn!

Hanmyrat ATAHANOW

Döwletmämmet Azady Adyndaky

Türkmen Milli Dünýä Dilleri Institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

WzHrXgVpBo THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BINAGÄR, DIZAÝNÇY WE BEZEGÇI. OLARYŇ TAPAWUDY NÄMEDE?

qeuXF5vygM THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝAGŞYLARDAN HERGIZ ÇYKMAZ ÝAMANLYK

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop