AFCP TARAPYNDAN GOLDANÝAN BUDDANYŇ HEÝKELINIŇ KELLE BÖLEGINIŇ DIKELDILIŞI DOWAM EDÝÄR: AMERIKAN J. POL GETTI MUZEÝI BILEN TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MUZEÝINIŇ HYZMATDAŞLYGY DOWAM EDÝÄR

05.03.2024

1-nji martda J. Pol Getti muzeýi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, gadymy Merwde tapylan V-nji asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamaga we dikeltmäge gönükdirilen taslamanyň ikinji missiýasyny tamamladylar. ABŞ-nyň “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslama maksatnamanyň Türkmenistandaky 30-njy taslamasydyr. Amerikan wekiliýetine J. Pol Getti muzeýiniň Taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň başlygy hanym Sýuzanna Gänzike, hususy tejribede konserwator jenap Fabio Kolombo we Padua uniwersitetiniň professory we 3D kompýuter şekillendiriş hünärmeni jenap Juzeppe Salemi girdi.

Üç hepdelik işiň dowamynda Getti muzeýiniň hünärmenleri taslamanyň iň möhüm tapgyrlaryndan birine ýetip, öňki dikeldiş işleriniň dowamynda ulanylan materiallary heýkelden aýyrmagy başardylar. Işe başlamazdan ozal, dikeldilýän bölekler 3D usuly bilen öndürilen ýörite gaplara ýerleşdirildi. Bu gaplary çap etmek üçin zerur maglumatlar Getti muzeýiniň 2023-nji ýylda Aşgabada ilkinji saparynyň dowamynda ýygnaldy. Şeýle hem, hünärmenler taslamanyň öňüsyrasynda, dowamynda we netijesinde artefaktyň ýagdaýyny resminamalaşdyrmak üçin bölekleriň içki ýüzleriniň fotogrammetriýasyny geçirdiler.

J. Pol Getti muzeýi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2024-nji ýylyň ahyrynda dikeldiş işlerini dowam etdirmek üçin goşmaça iş saparlaryny meýilleşdirýärler. Ilki bilen, Getti muzeýi heýkeliň kellesiniň böleklerini gurnamaga taýýarlamak we dikeldiş döwründe artefaktyň gurluş bitewiligini üpjün etjek içerki goldawlary dizaýn edip, olary 3D usuly bilen çap eder. Taslamanyň esasy maksady dikeldilen Buddanyň heýkeliniň kellesini Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde sergilemek we Türkmenistanda buddizm mirasy baradaky hünärmenleriň gözlegleriniň netijelerini neşir etmek.

Bu taslama, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan esaslandyrylan we dolandyrylýan ýyllyk grant bäsleşigi bolan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasy arkaly mümkin boldy.  2001-nji ýylda döredilen gününden bäri, AFCP maksatnamasy dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda medeni mirasy gorap saklamak boýunça 1000-den gowrak taslama goldaw berdi.  Şu güne çenli AFCP maksatnamasy Türkmenistanda 32 sany taslama üçin, takmynan 3 million ABŞ dollaryna barabar möçberde maliýe baýraklaryny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan AFCP  maksatnamasynyň baýraklary boýunça Günorta we Merkezi Aziýa sebitinde birinji orny eýeleýär.

ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY

2024-NJI ÝYLYŇ 5-NJI MARTY

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:30 am, Sep 20, 2024
temperature icon 21°C
облачно с прояснениями
Humidity 37 %
Pressure 1017 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:52 am
Sunset Sunset: 7:07 pm
Öňki taryh

ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY WE YKDYSATÇYLAR BIRLEŞMESI TÜRKMENİSTANDA “ZENAN TELEKEÇILER AKADEMİÝASYNY” BAŞLADÝARLAR

Next Story

Itleriň ýokançly gepatit keseliniň kliniki alamatlary

Soňkylar Habar

GitTop