800px asphalt base THE ASHGABAT TIMES

Asfalt materialy barada

24.03.2024

Asfalt beton (gepleşik dilinde – asfalt): häzirki wagtda ýol örtüginiň iň köp ýaýran görnüşidir. Şeýle meşhurlyk materialyň bahasynyň we taýýar önümiň hiliniň gowy utgaşmasy bilen delillendirilýär. Asfaltlanan ýola asfalt ýa-da uly trassa diýilýär.

“Asfalt” sözüniň özi grek dilinden “dag gerşi” diýip terjime edilýär. Taryhçy Gerodot tarapyndan ulanylyşa girizilen dag smolasy rimliler tarapyndan “bitum” diýip atlandyrylypdyr. Gadymy döwürlerde asfalt-bitum şeraply amforalary möhürlemek üçin ulanylypdyr, ýagny ol ýörite ýelim hökmünde görlüpdir we gämileriň düýbüni suw geçmez ýaly smola bilen petikläpdirler.

Asfalt ýollar beton ýollara garanyňda has arzan düşýär hem-de gyşyna betona ýollara görä, buz gatlagynyň örtüginiň az- kem “ýeňilligi” bilen tapawutlanýar.
1876-njy ýylda ilkinji gezek ABŞ-da nebit bitumy arkaly taýýarlanan guýma asfalt ulanyldy. 1892-nji ýylda ABŞ-da senagat usuly bilen ini 3 m bolan ilkinji beton ýol guruldy.

Emeli asfalt ýa-da asfalt beton garyndysy – bu ezilen daş, gum, mineral toz we bitumyň gysylan garyndysy görnüşindäki gurluşyk materialy.
Öz gezeginde görnüşi boýunça gyzgyn, ýyly hem-de sowuk asfaltlary tapawutlandyrýarlar:
Şepbik bitumy öz içine alýan, 120 ° C-den pes bolmadyk temperaturada goýlan we dykyzlandyrylan gyzgyn asfalt; pes şepbikli bitumy bolan we gysyş temperaturasy 40-80 ° C bolan ýyly asfalt ; düzüminde suwuk bitumy bolan we daşky gurşawyň temperaturasyndan pes, hat-da −30 ° C çenli temperaturada gysylan sowuk asfalt.

1830-njy ýyllarda ilkinji gezek Pariždäki Patyşa köprüsiniň pyýadalar üçin ýodasynda asfalt beton örtük ulanyldy. Şol bir wagtyň özünde, Rona derýasynyň üstündäki Lionyň Moran köprüsindäki pyýadalar ýodasy hem asfalt bilen örtüldi. Sankt-Peterburgda 1839-njy ýylyň tomsunda uzynlygy 45.5 sažen, ini 5 fut (97.08 × 1.52 m) bolan pyýada ýodasy bilen uzynlygy 8,5 fut we ini 6,5 fut (2,59 × 1. 98 m) köpriniň pyýadalar üçin bölegi asfalt bilen örtüldi. Olar meşhur Tuçkow bendine degişlidi. 1876-njy ýylda Moskwa şäher Dumasy asfalt beton örtüginiň gurluşygy boýunça synag geçirmek üçin 50 müň rubl bölüp berdi: Tverskiý köçesinde täze materialdan birnäçe ýerler guruldy.

Hawa, GD we K ýol işleriniň diňe gurak howada edilip bilinjekdigini aýdýar, ýöne kadadan çykmalar hem bar. 5 mm-den az ýagyşly howada hem asfalt edilip bilner, ýöne belli bir garyndynyň temperatura režimine gözegçilik etmek möhümdir: -10 ° C-den pes we ygalyň 5 mm-den ýokary bolmagy bilen gyzgyn asfalty ulanmak gadagandyr.

Nurşat TAGANOWA
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
cover r4x3w1200 5f3e58582209b e16ed418ad9ca51c7014c312d0da9672d0464690 jpg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

UEFA çempionlar ligasynyň geçiriliş tertibi üýtgedi

os9tnveizkgukstvf0q7mw THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“NVIDIA” dünýäniň iň güçli çipi bilen tanyşdyrdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop